Sepleriň elýeterliligi

Berlin: Ukraindaky konflikt maslahat edilýär


Gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň berjaý edilişini seljermek boýunça gepleşikler 13-nji aprelde Berlinde geçirilýär.

Bu gepleşiklere Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Ştaýnmaýer, fransuz daşary işler ministri Laurent Fabius, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin gatnaşýar.

Gündogar Ukrainadaky Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky konfliktde geçen ýylyň aprel aýyndan bäri 6 müňden gowrak adam heläk boldy.

Fewral aýynda Belarusyň paýtagty Minskde Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleriniň araçylyk etmeginde gelnen gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk sebitdäki ýowuzlygy azaltdy, emma dartgynlylyklaryň gerimi saklanyp galýar.

XS
SM
MD
LG