Sepleriň elýeterliligi

Söweşijiler onlarça owgan esgeriniň kellesini kesdiler


Owganystandaky söweşijileriň arasynda türkmenistanlylar hem bar.

Owganystandaky söweşijileriň arasynda türkmenistanlylar hem bar.

Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Badagşan welaýatynda soňky üç günüň dowamynda jeňçiler bilen Owganystanyň harby güýçleriniň arasynda berk çaknyşyklar bolup geçdi. Onuň henizem dowam edýändiginy aýdýanlar hem bar.

Uly bir bölegi merkezi aziýaly bolan şol söweşijileriň Owganystanyň harby postlaryna hüjüm etmegi bilen başlan şol çaknaşykda onlarça söweşijiler bilen bir hatarda, 30-a golaý owgan esgeriniň jeňçiler tarapyndan kellesi kesilip öldürilendigi aýdylýar.

Owganystanyň Senaty hem Parlamentde 12-nji we 13-nji aprelde geçirlen diňlenşiklerde, deputatlar, şol çaknyşyklarda 30-a golay owgan harbysynyň jeňçiler tarapyndan zamun alnandygyny aýdyp, jeňçileriň aglabasynyň daşary ýurtlylardan ybaratdygyny mälim etdiler.

Deputatlaryň aýtmagyna görä, daşary ýurtly jeňçileriň arasynda Merkezi Aziýadan gelenler agdyklyk edýär we şol jeňçileriň arasynda türkmenistanly hem bar. Emma jeňçileriň takyk sany barada anyk maglumat berilmedi.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň raporty.

XS
SM
MD
LG