Sepleriň elýeterliligi

Beýlekiler Garaşsyzlyga nädip taýýarlanýar?


Özbegistan, baýramçylyk çäresine taýýarlyk

Özbegistan, baýramçylyk çäresine taýýarlyk

Dünýä ýurtlarynyň köpüsinde Garaşsyzlyk senesi esasy baýram hökmünde bellenýär, emma bu senäniň resmi derejede we halk arasynda bellenişi hem tapawutlanýar. Azatlyk Radiosy Garaşsyzlyk baýramynyň Merkezi Aziýa regionynda we Türkiýede bellenişiniň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Merkezi Aziýa döwletleri öz döwlet garaşsyzlygyny Türkmenistan bilen bir wagtda, 1991-nji ýylda, Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yzysüre yglan edipdi.

Özbegistan

Özbegistanda Garaşsyzlyk senesi ýurduň esasy döwlet baýramçylygy bolup, oňa öňünden resmi derejede taýýarlyk görülýär. Özbegistanly žurnalist Farud Ýusufi 1-nji sentýabrda bellenýän bu sene mynasybetli esasy baýramçylyk dabarasynyň Daşkentde diňe saýlantgy adamlar üçin niýetlenen görnüşde geçirilýändigini gürrüň berýär.

“Baýramçylygyň esasy çäresi, prezidentiň gatnaşmagynda Daşkendiň baş meýdançasynda geçirilýär, emma bu ýere her kim baryp bilmeýär, diňe saýlantgy myhmanlar ýörite çakylyk esasynda bu dabara tomaşa edip bilýärler. Köpçülikleýin baýramçylyk dabarasyny taýýarlap görkezýänler bolsa, mejbury gatnaşdyrylýan studentlerden we döwlet edaralarynyň işgärlerinden düzülýär, sentýabryň başynda geçirilýän dabara resmi taýýarlyklar maý aýynyň aýagynda, iýunyň başynda başlanýar”.

Gyrgyzystan

Gyrgyzystan öz garaşsyzlygyny 31-nji awgustda belleýär. Gyrgyz žurnalisti Aýnura Jekşegyzy baýramçylyk dabaralarynyň möçberiniň ýubileý senesine gabat gelip-gelmeýändigine bagly bolýandygyny belleýär: “Adatça Bişkegiň esasy meýdançasynda ýurt ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda resmi çäreler geçirilýär, onuň yz ýany-da köpçülikleýin gezelençler bolýar. Ýurduň beýleki şäherlerinde hem dabaralar bolýar, oňa 15-20 gün öňünden taýýarlyk görülýär”.

Gyrgyzystanda-da döwletiň guramaçylygynda geçirilýän çärelere studentler gatnaşdyrylýar: “Bu çärelere kim meýletin çykar, bu çärelere, esasan, ýaňy okuwa giren birinji kurs studentleri gatnaşdyrylýar. Olary ýörite toplaýarlar. Elbetde, ýaňy ekzamenlerden geçip, okuwa giren ýaşlar, çärä gatnaşmakdan boýun gaçyryp, özlerini töwekgelçilik astyna salmajak bolýarlar. Käbir döwlet edaralaryndan käbir işgärler hem gatnaşdyrylýar, mugallymlar we lukmanlar hem göze ilýär. Emma bu tejribäniň gerimi giň däl, meniň doganlarym lukman, [emma] men olaryň [şeýle] çärelere çekilendigi barada hiç wagt eşitmedim”.

Türkiýe

Türkiýäniň raýatlary 27-nji oktýabrda bellenýän Garaşsyzlyk baýramynda resmi derejede dynç alýarlar. Ýurduň esasy döwlet senesi bolan bu baýramçylyk çäresiniň ilatyň durmuşynda köp göze ilmeýändigini Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan gürrüň berýär.

Türkmenistanda ýylyň dowamynda studentleriň we döwlet işgärleriniň mejbury gatnaşdyrylmagynda müňlerçe köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Şu ýyl ýurtda geçirilýän şeýle çäreler Garaşsyzlygyň 24 ýyllyk we Bitaraplygyň 20 ýyllyk senesine taýýarlyk şygarynyň astynda geçirilýär.

XS
SM
MD
LG