Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Papa Fransisiň çykyşy Türkiýede gahar döretdi


Ermenileriň ruhany lideri Aram I (s) we Papa Fransis (ç), Watikan, 12-nji aprel, 2015.
Ermenileriň ruhany lideri Aram I (s) we Papa Fransis (ç), Watikan, 12-nji aprel, 2015.

Türkiýe papa Fransisiň Osman imperiýasynda ermenileriň gyrgynçylygynyň 100 ýyllygy bilen bagly geçiren dini ybadatynyň dowamynda “genosid” sözüni ulanmagyna gahar-gazap bildirdi.

Fransisiň 12-nji aprelde eden bu çykyşyndan birnäçe sagat soň Ankara özüniň Watikandaky ilçisini konsultasiýa üçin yzyna çagyrýandygyny mälim etdi.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu “Birtaraplaýyn esasda gynanç bildirmeklik papa we onuň elindäki ygtyýaryna laýyk gelmeýär” diýdi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Jawusoglu Twitter ulgamyndaky ýazgysynda papanyň beýannamasynyň “kanuny we taryhy reallyklardan daşdadygyny” we “kabul ederlikli däldigini” belledi.

“Dini häkimiýetler esassyz aýyplamalar bilen nägilelik we duşmançylyk döredilmegine ýer bermeli däl” diýip, Jawusoglu aýtdy.

Fransis köpçülikleýin gyrgynçylyga “20-nji asyryň ilkinji genosidi hökmünde giňden seredilýändigini” belledi we Papa Ioan Paul II we Ermenistanyň patriarhynyň 2001-nji ýylda gol çeken beýannamasyna salgylandy.

Bu “genosid” termininiň Ermenistan bilen baglylykda Rim katolik buthanasynyň ýolbaşçysy tarapyndan mukaddes Peter ybadathanasynda ulanylmagy bilen bagly ilkinji wakadyr.

I jahan urşy döwründe ermenileriň osman türkleri tarapyndan köpçülikleýin gyrylmagyna we 1.5 million adamyň deportasiýa edilmegine taryhçylaryň we döwletleriň ençemesi tarapyndan genosid hökmünde seredilýär.

Türkiýe ermenileriň Osman imperiýasynyň hristian azlygyny ýok etmek boýunça syýasatynyň netijesinde däl-de, graždanlyk urşy zerarly wepat bolandygyny we pidalaryň sanynyň has azdygyny öňe sürýär.

Dini ybadata ermeni buthanasynyň baştutanlary bilen bilelikde gatnaşan Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan Fransisiň “halkara jemgyýetçiligine täsirli habar ýetirendigini” aýdyp, minnetdarlyk bildirdi.

“Bir milliard dinçiniň ruhany lideriniň sözleriniň berk täsiri bar” diýip, Sarkisýan Associated Press agentligine aýtdy.

Ermenistan ermenileriň köpçülikleýin gyrylmagynyň “genosid” hökmünde ykrar edilmegini gazanmak ugrunda ençeme ýyl bäri kampaniýa alyp barýar.

Ýewropa döwletleriniň ençemesi gyrgynçylygy genosid hökümünde ykrar etdi.

ABŞ olaryň tejribesine eýermedi. Ýurduň 44 ştaty gyrgynçylygy genosid diýip yglan edensoň, demokratik we respublikan kanunçykaryjylar prezident Barak Obama muny ykrar etmäge ündeýän rezolýusiýany teklip etdiler.

Ermenistan senäniň ýyl dönümini resmi derejede 24-nji aprelde belleýär.

XS
SM
MD
LG