Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Eýran barada täze karara gol goýdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň Eýrana “S-300” kysymly raketa ulgamyny satmagy gadagan edýän karary ýatyrýan resminama gol goýdy.

2010-njy ýylda Günbataryň basyşy astynda Russiýa, Eýrana “S-300” kysymly raketa ulgamyny satmak baradaky kontrakty, ýagny şertnamany bozup, oňa gadagançylyk girizipdi. Bu çäre Tähranyň ýadro işjeňliligine garşy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan girizilen sanksiýalaryň soňky tapgyry güýje girizilende amala aşyrylypdy.

Putin bu karara, dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň we Eýranyň araçylary agyr ykdysady sanksiýalary gowşatmak şerti bilen, Tähranyň ýadro programmasyny jylawlamak barada çarçuwalaýyn ylalaşygy baglaşandyklaryny mälim edenden iki hepde soň gol goýdy.

Kremliň metbugat gullugynyň 13-nji aprelde beren maglumatyna görä, gürrüňi gidýän karar Russiýanyň Eýrana “S-300” kysymly raketa ulgamyny transport etmegi ýa-da satmagy çäklendirýän gadagançylygy ýatyrýar.

Bu çäre Russiýany Eýrany raketa ulgamy bilen üpjün etmezlige çagyran Ysraýyly gazaplandyrjaga meňzeýär.

XS
SM
MD
LG