Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Ýaraglaryň çykarylmagy dowam eder


Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius, Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin, Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Ştaýnmaýer we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepden saga).
Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius, Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin, Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Ştaýnmaýer we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepden saga).

Russiýanyň, Ukrainanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri gündogar Ukrainadaky uruş liniýalaryndan agyr ýaraglaryň çykarylmagyny dowam etdirmek dogrusynda ylalaşdylar.

14-nji aprelde Berlinde Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Ştaýnmaýer daşary ýurt kärdeşleri bilen geçiren gepleşiklerinden soň, beren maglumatynda ministrler gündogar Ukrainadan agyr ýaraglary çykarmagy dowam etdirmek we onuň sanawyna 100 mm kalibriň, ýagny ölçegiň aşagynda bolan minomýotlary, ýaragly ulaglary we tanklary goşmak dogrusynda ylalaşdylar diýdi.

Şeýle-de, ol ministrleriň gündogar Ukrainada iş alyp barjak dört sany işçi toparyny döretmek barada hem ylalaşandyklaryny sözüniň üstüne goşdy. Bu toparlar gürrüňi gidýän sebitdäki howpsuzlyk meselelerini, pitneçileriň territoriýasynda ýerli saýlawlary geçirmek prosesini, uruş tussaglarynyň alyş-çalşygyny we Ukrainanyň gündogaryndaky ykdysady ýagdaýlaryň gowulanmagyny çözmek ugrunda işlärler.

Gündogar Ukrainada hökümet güýçleri bilen Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň arasyndaky konfliktde geçen ýylyň aprel aýyndan bäri 6 müňden gowrak adamyň heläk bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG