Sepleriň elýeterliligi

Hakasiýada bir gün ýas yglan edildi


Russiýanyň Hakasiýa respublikasynyň Abakan şäherinde sebitdäki ýangynda pida bolanlaryň hatyrasyna bir günlük ýas yglan edilen mahaly, hökümet binasynyň öňündäki baýdaklar aşak düşürildi.

Russiýanyň Hakasiýa respublikasynyň Abakan şäherinde sebitdäki ýangynda pida bolanlaryň hatyrasyna bir günlük ýas yglan edilen mahaly, hökümet binasynyň öňündäki baýdaklar aşak düşürildi.

Russiýanyň günortasyndaky Sibir regionynda bolan ýangynda ölenleriň sany 23-e ýetensoň, 14-nji aprelde Hakasiýa regionynda bir günlük ýas yglan edildi.

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň berýän maglumatyna görä, ýangyn sebäpli onlarça şäherçede we obada 900-den gowrak adam heläk bolupdyr. Bu sebitde guran ýapraklaryň ýanmagy netijesinde dörän ýangyn güýçli ýel sebäpli çaltlyk bilen daş-töwerege ýaýrady.

Hakasiýadaky ýangynyň netijesinde 1 500 çemesi jaý ýanyp, azyndan 5 müň adam öýsüz galdy.

Tokaý ýangyny sebäpli ewakuasiýa çäreleriniň geçirilendigi we ýitgi-zyýanlaryň bolandygy barada maglumatlar Sibiriň beýleki regionlaryndan hem gelip gowşudy. Olaryň arasynda Altaý, Tywa, Zabaýkale, Krasnoýarsk we Irkutsk ýaly regionlar bar.

XS
SM
MD
LG