Sepleriň elýeterliligi

Awstriýada iki gazagyň sud edilmegine garaşylýar


Gazagystanda iki bankiriň öldürilmegi bilen baglanyşykly, iki gazagyň 14-nji aprelde Awstriýada sud zalyna çykmagyna garaşylýar.

Gazagystanyň Gizlin gullugynyň öňki başlygy Alnur Musaýew we gazak prezidentiniň öňki janpenasy Wadim Koşlýak 2007-nji ýylda “Nurbank”-yň iki dolandyryjysyny alyp gaçmaga we öldürmäge ýardam bermekde aýyplanýarlar.

Bu sud işi bilen baglanyşykly esasy şübheli Rahat Aliýew fewral aýynda Wenanyň türmesinde öli tapylypdy.

Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň öňki giýewsi Rahat Aliýew Gazagystanyň Awstriýadaky ilçisi wezipesinden çetleşdirilip, guramaçylykly jenaýatlar we häkimiýeti agdarmaga synanyşyk etmekde aýyplanyp, Astanada 40 ýyl türme tussaglygyna gaýybana höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG