Sepleriň elýeterliligi

Eýran Orsýetden raketalara garaşýar


S-300 raketa sistemasy, Orsýetiň Astrahan regiony, 11-nji aprel, 2013.

S-300 raketa sistemasy, Orsýetiň Astrahan regiony, 11-nji aprel, 2013.

Eýranyň resmileriniň 14-nji aprelde aýtmagyna görä, Tähran Orsýetden şu ýyl S-300 kysymly raketa sistemalarynyň gelmegine garaşýar. Emma Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn ýarany munuň azyndan alty aý uzaga çekjekdigini çak edýär.

Eýranyň Milli howpsuzlyk boýunça baş geňeşiniň sekretarynyň orunbasary Ali Şamhani Putiniň Eýrana uzak aralyga ýetýän raketalaryň satylmagyna girizen bäş ýyllyk gadagançylygy ýatyran gününiň ertesi Moskwada çykyş etdi.

Orsýetiň bu hereketi ABŞ we Ysraýyl tarapyndan ýazgaryldy.

Eýranyň umydy

“Men olaryň şu ýyl getiriljegine umyt baglaýaryn” diýip, Şamhani S-300 kysymly raketalar barada eden çykyşynda aýtdy.

Şamhani gadagançylygyň ýatyrylmagynyň orsýet-eýran gatnaşyklarynyň “mundan beýläk güýçlenmegine” ýardam berip biljekdigini aýtdy we bu meseläniň “ägirt uly strategik mümkinçilige” eýe bolan gatnaşyklaryň diňe kiçijik bir bölegi bolup durýandygyny belledi.

Putiniň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew raketalaryň iberilmegine taýýarlygyň “wagt talap edip” biljekdigini belledi.

"Wagt talap eder"

“Men olaryň işini jemlemegi üçin azyndan alty aý wagt gerek bolar” diýip hasap edýärin diýip, Interfaks agentligi, Patruşewiň sözüne salgylanyp, habar berýär.

Patruşewiň bu çykyşy Orsýetiň niýetini sorag astynda goýýar. Moskwa Eýrana S-300 kysymly raketalary bermek mümkinçiligini Tähran bilen Günbataryň arasyndaky diplomatiýasynda ýyllar boýy gural hökmünde ulanyp gelipdi.

Orsýet raketalaryň Eýrana iberilmegine gadagançylygy BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýrana garşy sanksiýalary girizmeginiň yzysüre, 2010-njy ýylda, girizipdi we Eýran bilen mundan öň baglaşan 800 million dollarlyk kontraktyny ýatyrypdy. Sanksiýalar Eýran bilen ýarag söwdasyny gadagan edipdi.

Hyzmatdaşlyk ugurlary

Putiniň permany Eýranyň dünýäniň iň täsirli alty ýurdy, şol sanda Orsýet we ABŞ bilen 2-nji aprelde gelnen ylalaşygyň yz ýany yglan edildi. Bu deslapky ylalaşykda Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirip, muňa derek Tährana garşy halkara sanksiýalarynyň gowşadylmagy göz öňünde tutulýar.

Patruşewiň žurnalistlere aýtmagyna görä, “halkara ýagdaýlarynyň üýtgemegi sebäpli” Orsýet Eýran bilen aradaky ozalky şertnamalaryny janlandyrmaga tarap ädim ätmekçi.

Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow Eýrana S-300 kysymly raketalaryň iberilmegine kanun taýdan hiç hili päsgelçiligiň ýokdugyny aýtdy, emma munuň haçan başa barjagy barada belli bir zat aýdyp bolmajagyny belledi.

Şeýle-de Peskow Orsýetiň Eýran bilen azyga derek nebit alyş-çalyş ylalaşygyny durmuşa geçirip başlamaga taýýardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG