Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kitap okamak meniň üçin edil dem alan ýaly


Kitap
Kitap

"Bizde pikir alyşmaklyk adaty doly ýagdaýda kämilleşmändir. Kitaplardaky ideýalary öwrenmän, gaýta esere we ýazyja has köp üns berilýär. "Gaty täsin ýazyjy", "gyzykly" ýa-da "gyzyksyz" eser diýilýar.

Facebook (Feýsbuk) sosial ulgamynda dört ýyla golaý wagtdan bäri bar bolan "Kitaplar äleminde" sahypasynyň sany 12 müňden geçýän agzalary bar.

Bu sahypada okyjylara her gün azerbaýjan edebiýatyna we dünýä edebiýatyna degişli eserlerden bölekler hödürlenýär.

Sahypanyň ýolbaşçylaryndan biri Hatyja Jafarowanyň "Okyjylar zaly" bilen geçiren söhbetdeşligi.

Hatyja hanym, kitaba şeýle az üns berilýän jemgyýetde sizi kitaplary höwes bilen tanatmaga iterýän sebäp näme?

Maňa şeýle sowal berlende, hemişe gaty geň galýaryn. Çünki meniň üçin, okamany öwrenenelim bäri, kitap okamak, edil dem almak, suw içmek ýaly gündelik durmuşyň tebigy zerurlyklaryndan biri.

"Kitaplar äleminde" sahypasy haçan döredildi?

Sahypa 2011-nji ýylyň mart aýyndan bäri işleýär. Bir dynç alyş güni, birnäçe kitapsöýüjiler bolup, olaryň arasynda özümem bar, feýsbuk sosial ulgamyndaky "Kitap gurçugy" atly sahypada diýseň täsin pikir alşyk geçirdik we kitap okamak hakda özboluşly, has mazmunly, baý we köptaraply täze bir sahypa döretmeli diýen karara geldik. Bu iş meniň boýnuma ýüklenildi we ilkibaşda sahypada eserleriň okalyşy, şeýle-de owaldan bellenen wagtlarda olar barada pikir alşyk we bäsleşikler geçirildi. Edil häzir, wagt çäkli bolansoň, sahypada eserlerden diňe bölekler çap edilýär, okyjylara sowallar berilýär, kitaplar hem ýazyjylar hakda täsin maglumatlar goýulýar.

Bu sahypanyň üsti bilen Azerbaýjanyň okyjylar köpçüliginiň gerimini göz öňüne getirmek mümkin. Siziň pikriňize görä, Azerbaýjan okyjysy edebiýatyň haýsy ugruna has köp ýykgyn edýär? Haýsy edebi temalar has köp gürrüň edilýär?

Umuman aýdylanda, azerbaýjan okyjysynyň nämäni halaýandygy barada anyk pikir beýan etmek diýseň kyn... Her kimiň öz halaýany, öz tebigy gurluşy bar. Şoňa görä-de menden haýsy kitaby okasam diýip maslahat soranlarynda (sahypada şeýle ýagdaýlara gaty köp duş gelinýär), ilki bilen okyjynyň haýsy tema ýykgyn edýändigini, okajak kitabyndan nämä garaşýandygyny we şol sanda has gowy görýän eserleriniň haýsydygyny öwrenýärin...

Şulary öwrenenimden soň okyja kitap hakda maslahat bermäge esas döreýär. Okyjam, maslahat berlen kitaby okandan soň, minnetdarlygyny bildirýär. Bir ýagdaýy takyk bilýärin, ýagny daşary ýurt dilini bilmeýän bir okyjynyň okap biljek eserleri çäkli bolýar. Şonuň üçinem olaryň haýsy kitaplary okajakdygy baradaky karary, adatça, neşirýatlar kabul edýärler.

Käwagt maddy gazanç üçin, nebis üstün çykyp, zyýanly kitaplar çap edilýär we ol kitap gaty köp okyjyny hem özüne çekip bilýär. Şeýle-de Tolstoý, Dostoýewskiý, Hamsun, Remark ýaly klassyklaryň eserlerinden terjimeleri diýseň halaýaryn. Şeýle ýazyjylaryň eserleri ýöne ýere üns merkezinde bolmaýar. Olaryň ýazan temalary her döwürde öz aktuallygyny goraýar we şonuň üçinem okyjylar olaryň eserlerine has köp gyzyklanma bildirýärler, olardan mysallar getirýärler we uly höwes bilen okaýarlar.

"Haýsy ýazyjylar barada has köp gürrüň edilýär?" diýen sowalyňyza jogap berjek bolsam, kitapdan lezzet alyp okaýanlar özara pikir alyşmaga o diýen höwesjeň bolanoklar we, umuman aýdylanda, okyjylar pikir alyşmak meselesine biraz şübheli garaýarlar, öz pikirlerini aýtman, kitabyň ideýalaryny özleşdirmän, esere we ýazyja has köpräk baha bermäge çalyşýarlar ("gaty täsin ýazyjy", "gyzykly" ýa-da "gyzyksyz, manysyz" diýen ýaly garaýyşlary beýän edýärler.

Meniň pikrime görä, bizde eserler barada pikir alyşmak adaty entek kämilleşmändir. Şahsyýetlere däl, eýse eserlerde öňe sürülýän garaýyşlara düşünmeli, faktlar bilen pikir beýan etmeli, emosiýalarymyzy jylawlamaly, umumy gürrüň etmän, pikirimizi anyk beýan etmäni bilmeli. Köp adam eserler baradaky tankydyň esasy manysyna düşünmeýär.

Okyjylaryň arasynda döwrebap azerbaýjan ýazyjylaryna nähili üns berilýär? Olar daşary ýurtly ýazyjylar bilen bäsleşip bilýärmi?

Döwrebap azerbaýjan ýazyjylarynyň sesi, häzir gaty gowşak çykýandygy üçin, olar barada pikir beýan etmekde kynçylyk çekýärin. Bir zady bilýän, ýagny haçan-da KA-da halk köpçüligine ýetiren mahalym (sahypamyň adyny Orhan Pamugyň "Gar" eseriniň gahrymanynyň ady bilen meňzeş atlandyrmagy gaty gowy görýärin) okyjylar Rasim Garajanyň hekaýalaryny we Ilgar Fähminiň "Aktrisa" romanyna oňaýly seslendiler.

Meniň pikrime görä, munuň sebäbi ol ýazjylar epatažlyga dyrjaşman, hut öz eserlerini döredipdirler. Döwrebap edebi usullardan peýdalanypdyrlar. Eserlerini sada dilde ýazyp, ýatda galyp biljek obrazlar döredipdirler we subýektiwlikden daşda durupdyrlar. Meniň üçin iň gowşak eser diňe bir öýkünip ýazylan eser bolmak bilen çäkenmän, ýazyjynyň öz dünýägaraýşyny has dogry we has gowy hasap edip ony okyjysyna "sapalak atmak" görnüşinde hödürlemegidir.

Eserde gapma-garşylyk näçe güýçli bolsa, antoganistik obrazlar näçe biri-birine kybapdaş bäsdeş bolsa, eser hem şonça güýçli we täsirli kabul edilýär.

Biziň ýazyjylarymyzyň daşary ýurt ýazyjylary bilen bäsleşmäge ukyby we galamynyň güýji bar. Munuň üçin olar eserlerindäki psihologizmi we pelsepe täsirini hasam güýçlendirmeli, eseri has gyzykly okalar ýaly täze tilsimler oýlap tapmaly. Başgaça aýdylanda, intellektual we çynlakaý edebiýaty okan ýazyjylaryň eserleriniň hem hemişe bäsleşie döz geljekdigine ynanýaryn.

Siziň pikriňizçe, edebi gyzygy ýokarlandyrmak we ýörgünli ýagdaýa ýetirmek üçin ýene näme edip bolar ýa-da okyjylaryň kitabyň ”girdabyna” düşmegi üçin näme ýetenok?

Kitaba üns çagalykdan başlanmaly. Çagalara iň gowy sowgat hökmünde kitap berilmeli. Çagalaryň kitaby gowy okamagy üçin gerek bolan mümkinçilikleri döretmeli we olaryň öz kitaphanalaryny döretmegi üçin öýde ýörite ýer bölüp bermeli. Mekdeplerde mugallymlar muňa aýratyn üns bermeli, mekdep programmasyndan daşary okamagyň ähmiýetini nygtamaly, okuwçylaryň şeýle endik edinmegini ýola goýmaly.

Mekdeplerde kitap okaýanlary höweslendirmeli, kitaby hemişe ündemeli, ýygy-ýygydan kitap bäsleşiklerini we eserler barada maslahatlary gurnamaly. Kitap saýlanyp alnan mahaly hökmany suratda çagalaryň islegine görä saýlanyp alynmaly. Çagalaryň kitaby özüniň saýlap almagyna hem mümkinçilik berilmeli. Uly adamlar barada aýdylanda bolsa, kitap okamak islege bagly bir ýagdaýdyr... Durmuşyny gyzykly etmek isleýän, wagtyny has manyly geçirmek isleýän we düşünje taýdan ösmek isleýän her bir adam kitaba ýüz tutar. Bu ýagdaý adamyň öz uýýan gymmatlyklary bilen gönümel baglanşykly bolýar.

Häzirki wagtda ýurtda edebiýatyň gerimini giňeltmek, kitap satylyşyny ýokarlandyrmak, siziň pikiriňizçe, kimiň aýratynlykdaky wezipesi: adamlaryňmy, döwletiňmi ýa-da ýazyjylaryňmy?

Bu işde hemmeler bilelikde işlemelidir. Bu ugurdaky iş ilkinji nobatda çagalardan, kiçi ýaşly okyjylardan başlanmalydyr.

XS
SM
MD
LG