Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: Eýran bilen ylalaşyk dünýäni howpsuz eder


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri ABŞ-nyň we onuň partnýorlarynyň Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşiklerinde “dünýäni has howpsuz” etmek boýunça ylalaşyga gelip biljekdiklerine ynam baglady.

Kerri bu çykyşyny Uly ýedilik guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin 15-nji aprelde Germaniýanyň Luebek şäherine gelmeginiň yzýany etdi.

Dünýäniň iň täsirli alty döwleti we Eýran 2-nji aprelde deslapky ylalaşyk baglaşyp, Eýranyň ýadro programmasy boýunça işlerini çäklendirmek we BMG-niň, ÝB-niň we ABŞ-nyň sanksiýalaryny gowşatmak barada ylalaşdylar. Ylalaşygyň gutarnykly görnüşine gelinmek üçin 30-njy iýuna çenli wagt möhleti kesgitlendi.

“Eýran bilen gepleşikleri iki ýarym aýyň dowamynda jemlemek boýunça ägirt uly maksat durýar”, diýip Kerri aýtdy.

XS
SM
MD
LG