Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli aktiwistiň işine seredilýär


Ý.Witişkony goldamak boýunça aksiýa, Moskwa, 28-nji fewral, 2014.
Ý.Witişkony goldamak boýunça aksiýa, Moskwa, 28-nji fewral, 2014.

Orsýetiň sudy 15-nji aprelde tussaglykdaky tebigaty goraýjy aktiwist Ýewgeniý Witişkonyň möhletinden ozal boşadylmagy barada şikaýat boýunça diňlenişik geçirer, diýlip garaşylýar.

41 ýaşly Witişko 2014-nji ýylyň Soçide geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň tebigata ýetirýän täsiri barada aladalanma bildirmeginiň yzýany tussag edilipdi.

Witişko Soçide bikanun, diýip atlandyran gurluşyklara garşy protest bildirip, haýatda ýazgy galdyrmak bilen baglylykda 2012-nji ýylda üç ýyllyk şertli tussaglyga höküm edilipdi. Emma 2013-nji ýylyň dekabr aýynda ýerli sud onuň şertli tussaglygyň düzgünlerini bozandygyny aýdyp, türmä höküm edipdi.

14-nji aprelde “Amnesty International” guramasy Orsýetiň häkimiýetlerini Witişkony gyssagly boşatmagy talap etdi. Witişko 7-nji aprelde açlyk yglan etdi.

“Amnesty International” Witişkony “wyždan ýesiri” hasap edýär, Moskwada ýerleşýän abraýly “Memorial” guramasy oňa “syýasy tussag hökmünde” garaýar.

XS
SM
MD
LG