Sepleriň elýeterliligi

logo-print

"YD": Ýetginjeklere iş kesildi


Gazagystanyň sudy iki ýetginjegi terrorçylygy mahabatlandyrmakda aýyplap, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Olar “Yslam döwletiniň” söweşijilerine goşulmagy planlaşdyrýandyklaryny mälim edipdi.

15-nji aprelde Atyrau regionynyň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işine garaýan sudy iki ýaş oglanyň günälidigini aýdyp, olara iş kesdi.

Ýetginjekler günäni boýun aldylar we Ýakyn Gündogarda “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň hataryna goşulmak isländiklerini aýtdylar.

Prokurorlar olaryň ekstremistik toparyň Siriýada we Yrakda alyp barýan hereketlerini mahabatlandyryp, internetde maglumat ýerleşdirendiklerini aýtdylar.

Gazagystanyň we Merkezi Aziýanyň beýleki postsowet ýurtlarynyň resmileri öz raýatlarynyň Siriýada we Yrakda “YD söweşijileriniň hataryn goşulmagy barada gitdigiçe has köp aladalanma bildirýärler.

“Halkara krizis toparynyň” ýakynda çap eden maglumatyna görä, soňky üç ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Siriýa gidip, söweşijileriň hataryna goşulanlaryň sanynyň iki we dört müň aralygynda bolmagy çak edilýär.

XS
SM
MD
LG