Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Yraga 200$ million teklip edýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Yrakda “Yslam döwletiniň” söweşijileri tarapyndan göçürilen adamlara ýardam bermek üçin 200 million amerikan dollary möçberde ynsanperwer kömegini teklip etdi.

Yragyň premýer-ministri Haýdar Abadi has uly harby ýardamy sorap ýüz tutupdy.

Obama Abadi bilen 14-nji aprelde Ak Tamda geçiren duşuşygynda, Yrakda söweşiji toparyň hereketlerinden ejir çekýän maşgalalara we çagalara ABŞ-nyň kömek bermeginiň zerurdygyny belledi.

Şeýle-de Obama ABŞ-nyň goldamagyndaky yrak goşunlarynyň “Yslam döwletiniň” söweşijilerine garşy alyp barýan göreşinde gazanan üstünliklerini makullady.

Obama ýaranlaryň “YD” söweşijilerini yza serpikdirmekde “uly öňegidişlik gazanandyklaryny” aýtdy we “Yslam döwletiniň” Yrakda basyp alan giňişliginden dörtden bir bölegini yzyna gaýtarandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG