Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Kubany terror sanawyndan aýyrdy


ABŞ-nyň prezidenti B.Obama (sagda), Kubanyň prezident R.Kastro (ortada), Panama, 10-njy aprel, 2015.

ABŞ-nyň prezidenti B.Obama (sagda), Kubanyň prezident R.Kastro (ortada), Panama, 10-njy aprel, 2015.

Ak Tamyň maglumatyna görä, prezident Barak Obama Kubany ABŞ-nyň terrorizmi goldaýan ýurtlardan düzülen sanawyndan aýyrdy.

14-nji aprelde Kongressde eden çykyşynda Obama Kubanyň kommunist hökümetiniň soňky alty aýyň dowamynda “halkara terrorçylaryna hiç hili ýardam bermändigini” belledi.

Şeýle-de ol Hawana özüniň "geljekde-de halkara terrorim hereketlerini goldamajagyny" wada berdi diýdi.

Kubanyň daşary işler ministri Obamanyň kararyny “adalatly” diýip atlandyrdy.

ABŞ-nyň bu karary Obamanyň Kubanyň prezidenti Raul Kastro bilen Panamadaky regional sammitde iki ýurduň arasynda 50 ýylyň dowamynda geçirilen iň ýokary derejeli duşuşygynyň yzýany yglan edildi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sanawyna Eýran, Sudan we Siriýa girýär.

XS
SM
MD
LG