Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Orsýet bazasynda protest geçirilýär


Protest aksiýasy, Kulob, 15-nji aprel, 2015

Protest aksiýasy, Kulob, 15-nji aprel, 2015

Orsýetiň Täjigistandaky harby bazasynyň işgärleriniň 15-nji aprelde geçirýän protest aksiýasyny ýerli ýaşaýjylaryň onlarçasy goldady. Protestçiler alty aý bäri özlerine zähmet haklarynyň tölenmeýändigini aýdýarlar.

Kulob şäherinde ýerleşýän bazanyň öňündäki protest aksiýasyna gatnaşýan Bozorali Boltaew protestçileriň bazanyň baş ýolbaşçysy bilen gepleşendiklerini we onuň tölenmedik aýlyklaryň beriljegini aýdandygyny habar berdi.

Emma ol ýerli işgärleriň, şol sanda arassaçylygy saklaýan işgärleriň, gurluşykçylaryň we beýlekileriň şeýle wadalary ençeme gezek eşidendigini, emma öz aýlyklaryny alyp bilmändiklerini belledi.

Orsýetiň harby bazasynyň wekili Igor Şerbakow “ýerli işgärleriň aýlyklarynyň tölenmändigi üçin bazanyň jogapkär däldigini" aýtdy we onuň üçünji bir tarap bolan “Bit serwis-plus” kompaniýasy bilen hasaplaşýandygyny, hut şol şirketiň ýerli ýaşaýjylary işe alyp olara aýlyk töleýändigini” ýakynda aýtdy.

Emma agzalan şirket bazanyň talaba laýyk töleg etmeýändigini aýtdy.

Owganystan bilen serhetdeş Täjigistanda 7 000 müň çemesi harby ýerleşýär, bu Orsýetiň daşary ýurtlardaky iň uly harby kontingenti bolup durýar.

XS
SM
MD
LG