Sepleriň elýeterliligi

Türkmen üzümçiliginiň dertleri


Owadandepedäki üzüm plantasiýalary.

Owadandepedäki üzüm plantasiýalary.

Paýtagtyň öňki çäkleriniň daş-töweregini üzüm plantasiýalary gurşap alýar. Şpalerlere, ýagny ýörite söýgetlere çyrmaşdyrylan üzüm düýpleriniň seteräm uzalyp gidýän hatarlaryny Gökdepe, Gökje, Bagyr, Owadandepe ýaly obalaryň üzümçilik hojalyklarynda synlasa bolýar.

Emma üzümçülikleriň ählisinde beýle ýagdaý ýok. Mysal üçin, Gämi obasynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň üzümçülik meýdanlarynyň ýagdaýy gözgyny. Bu üzümçilik meýdanlaryny eýýäm birnäçe ýyl bäri gamyş basyp ýatandygyny görse bolýar.

Gökjedäki üzüm plantasiýasy.

Gökjedäki üzüm plantasiýasy.

Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň golaýyndaky Bedew ýaşaýyş massiwiniň gündogaryndaky meýdanda öňki üzümçiligi ýatladýan diňe bir alamat – şpalerler, gözenekleýin söýgetler galypdyr. Üzüm düýpleriniň köpüsi gamyşlardan ýaňa görnenok. Gämi obasynyň ýaşaýjysy Geldiniň aýtmagyna görä, öň bu üzümçiligiň ýagdaýy häzirkisi ýaly gözgyny däl eken.

“Türkmenistan” kolhozy üzümçilik meýdanlaryny kärendä bermedi şonuň üçin onuň meýdanlary gamyş basyp ýatyr. Hatda ol kolhozyň Aşgabadyň ortarasyndaky üzümçiliginde-de ýagdaý şeýle” diýip, Gämi obasynyň ýaşaýjysy Geldi gürrüň berýär.

Gamyşlyklaryň arasyndaky ozalky üzüm plantasiýalary.

Gamyşlyklaryň arasyndaky ozalky üzüm plantasiýalary.

Emma üzüm plantasiýalaryny her bir adam kärendä alyp bilmeýär. Gökje obasynyň ýaşaýjysy Ilmyradyň gürrüňinden çen tutsaň, bu ýerler esasan daýhan birleşiginiň daýhanlaryna paýlanylyp berilýär. Özi-de şolaryň hem ählisi üzüm plantasiýalaryny alyp bilmeýärler. .

“Kärendä almak, özem gowy üzüm ýerini kärendä almak üçin tanyş-biliş gerek. Ýogsam, asla kärendä alyp bilmersiň, ýa-da alsaňam, erbet ýeri bererler. Garaz, tanyşlyk gerek-dä” diýip, Ilmyrat bu barada öz pikirini beýan edýär.

Üzüm plantasiýalarynyň her gektarynyň kärendesi üçin ýylda, resmi suratda 400 manat tölenýär. Şeýle-de, suwa hem tölemeli.

Mundan başga-da, ýeri kärändä almak, üzümi ýetişdirmek bilen bagly ýüze çykýan ýagdaýlar bilen birlikde, alnan hasyly ýerlemek bilen bagly hem kärendeçileri alada goýýan ýagdaýlar bar.

Owadandepedäki çakyr zawody.

Owadandepedäki çakyr zawody.

“Esasy mesele ýetişdiren hasylyňy ýerlemek. Üzümi daşary ýurtlara satyp bilmeýäris. Esasan, çakyr zawodlaryna tabşyrmaly bolýar. Olar bir kilogrammyny 40 teňňeden satyn alýarlar” diýip, Ilmyrat gürrüň berýär.

50 ýaşlaryndaky Ilmyradyň aýtmagyna görä, geçen asyryň 90-njy ýyllarynda hasyly daşary ýurtlara eksport etmek aňsat bolupdyr. Esasanam Orsýetden gelen söwdagärler ýa-da şol ýurda gök önüm eksporty bilen meşgullanýan söwdagärleriň özleri daýhanlaryň ýerlerine aýlanyp, hasyllaryny satyn alyp gidýän ekenler.

“Häzir bolsa eksport ediljek üzüm ilki biržadan geçirilmeli. Soň serhede çenli pul çykdajysy bar. Ahyrynda bolsa gümrükden geçirmeli. Gümrükde, biržada tanşyň bolmasa geçirmek hem kyn. Munuň üstesine-de, serhetde ony arzan hem satmaly bolýar” diýip, Ilmyrat Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde üzümçilik bilen meşgullanýan daýhanlaryň gabat gelýän kynçylyklary barada gürrüň berdi.

Şol bir wagtda hem ýurtda üzüm önümçiliginiň ýagdaýyny görkezýän statistik maglumatlary tapmak başartmady. Daşary ýurtlar näçe möçberde üzüm we üzüm önümleriniň eksport edilýändigi baradaky maglumatlar hem elýeter däl.

Emma Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 3-nji aprelde geçen giňişleýin mejlisinde prezident Berdimuhamedow ýurtda köp möçberde ýokary hilli üzümiň öndürilýändigini hem-de üzümi we üzümden öndürilýän önümleriň dürli görnüşlerini daşary ýurt bazarlaryna amatly şertlerde çykaryp boljakdygyny aýtdy.

Prezident şol mejlisde Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarlaryna we häkimlere bu meseläni düýpli öwrenmegi hem tabşyrdy. Emma prezidentiň görkezmesinden soň bu ugurda häzire çenli nähilidir bir özgerişiň göze ilmeýändigini üzüm käredneçisi Ilmyrat nygtaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG