Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täjigistan: 35 ýaşdan kiçileriň haja gitmegi gadagan


Täjigistanyň Dini we medeni meseleler boýunça komitetiň berýän maglumatynda bu gadagançylyk, Saud Arabystany her ýurtdan barýan haç zyýaratçylarynyň sanyny çäklendirenden soň, gartaşan adamlara öz haç parzyny ýerine ýetirmäge artygrak mümkinçlik bermek maksady bilen ýola goýlandyr diýilýär.

Täjigistanyň Dini we medeni meseleler boýunça komitetiň berýän maglumatynda bu gadagançylyk, Saud Arabystany her ýurtdan barýan haç zyýaratçylarynyň sanyny çäklendirenden soň, gartaşan adamlara öz haç parzyny ýerine ýetirmäge artygrak mümkinçlik bermek maksady bilen ýola goýlandyr diýilýär.

Täjigistan 35 ýaşdan bärdäki graždanlaryň Mekgä haç zyýaratyna gitmegini gadagan etdi.

Täjigistanda köpler bu gadagançylyga, täjik ýaşlarynyň radikal ideýalary ösdürmeginiň we “Yslam döwleti” atly topar ýaly ekstremistik toparlara goşulmagynyň öňüni almak synanyşygydygyna ynanýarlar.

Bu gadagançylyk, täjik prezidenti Emomali Rahmon dünýewi esasa daýanýan uzak möhletleýin galkynyş “konsepsiýasyny” durmuşa geçirmäge çagyryş edenden bir aý soň mälim edildi.

Täjigistanyň Dini we medeni meseleler boýunça komiteti haç çäklendirmesi baradaky gadagançylygy 13-nji aprelde köpçülige ýetirdi.

Gürrüňi gidýän komitetiň berýän maglumatynda bu gadagançylyk, Saud Arabystany her ýurtdan barýan haç zyýaratçylarynyň sanyny çäklendirenden soň, gartaşan adamlara öz haç parzyny ýerine ýetirmäge artygrak mümkinçlik bermek maksady bilen ýola goýlandyr diýilýär.

Rahmonyň hökümeti 8,5 million ilatly Täjigistanda dünýewi düzgünleri berkitmäge yzygiderli çagyryş edip gelýär.

Görlen çäreler

Soňky aýlarda Täjigistan orta mekdebe gatnaýan okuwçy gyzlaryň başatgyç atynmagyny, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň metjide barmagyny gadagan etdi we daşary ýurtlardaky dini mekdeplerde bilim alýan müňlerçe studenti yzyna ýurda dolanmaga mejbur etdi. Bu çäreleriň ählisi, ençeme täjigistanlylaryň Siriýadaky we Yrakdaky söweşijileriň hataryna goşulandygy baradaky maglumatlar peýda bolandan soň, durmuşa geçirildi.

Şeýle-de soňky aýlarda onlarça täjik graždany “Hizb ut-Tahrir”, “Özbegistanyň Yslam hereketi” we “Jamaat Ansarullah” ýaly ýurtda gadagan edilen yslamçy toparlar bilen ilteşigi bolmakda aýyplanyp, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.

Bu sud işleri Merkezi Aziýada resmi taýdan hasaba alnan ýeke-täk yslamçy partiýa – “Yslam Galkynyş partiýasyna” döwlet tarapyndan basyşlar artan mahaly bolup geçdi. Bu partiýa ýurtda 1-nji martda geçirilen we üstüne bidüzgünçilikleriň kölegesi abanan saýlawlardan soň, aýyplamalara uçrap, parlamentden çykarylypdy.

Geçen aý Täjigistanyň çägindäki birnäçe metjidiň ymamlary täjik raýatlaryna, agzalýan partiýanyň ýapylmagyny goldamaga we onuň ýok edilmegi üçin referendum geçirmäge çagyrypdylar.

Çagdaş bela”

1992-nji ýyldan bäri Täjigistany dolandyrýan prezident Emomali Rahmon geçen ýylyň dekabr aýynda köpçüligiň öňünde eden çykyşynda täjik ýaşlarynyň Ýakyn Gündogardaky yslamçy söweşijilere goşulýandygyny boýun aldy we “Yslam döwleti” atly söweşiji topary “global howpsuzlyga wehim salýan çagdaş bela” diýip häsiýetlendirdi.

Şonda Rahmon “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň hatarynda söweşýän ýüzlerçe täjigistanlynyň, Siriýadaky we Yrakdaky ekstremistik toparlara täjik ýaşlaryny hakyna tutmak arkaly “ýurtdaky jemgyýete durnuksyzlyk getirýändigini” hem sözüniň üstüne goşupdy.

Fewral aýynda Täjigistanyň täzelikde wezipä bellenen baş prokurory Ýusuf Rahmonow, ýurtda gadagan edilen yslamçy toparlar üçin adamlaryň hakyna tutulmagy bilen bagly wakalary derňemek wezipesi üstüne ýüklenen ýörite merkeziň ýakynda işe giriziljekdigini aýtdy.

Mart aýynda Russiýanyň goranmak ministriniň orunbasary Anatoliý Antonow Moskwada eden çykyşynda Merkezi Aziýada “Yslam döwleti” atly toparyň “bileleşikleriniň” işjeňliginiň artmagy netijesinde, Russiýa Täjigistandaky we onuň goňşusy Gyrgyzystandaky harby bazasyny berkitmegi planlaşdyrýar diýdi.

“Halkara krizis toparynyň” ýakynda ýaýradan hasabatynda soňky üç ýylyň dowamynda 2 müňden 4 müňe çenli merkezi aziýalynyň yslamçy söweşijilere goşulmak üçin Siriýa gidendigi çaklanylýar.

XS
SM
MD
LG