Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Urugwaýly ýazyjy we žurnalist, Latyn Amerikasynyň tanymal anti-kapitalist sesleriniň biri Eduardo Galeano hepdäniň birinji güni 74 ýaşynda, rak keselinden dünýäsini başgalady.

“Latyn Amerikasy we dünýä halklary azat etmegiň Maýestrosyny ýitirdi” diýip, Boliwiýanyň prezidenti Ewo Morales aýtdy. “Onuň öwüt-ündewleri we işleri hemişe biziň halklarymyzyň özygtyýarlylygyny we mertebesini goramaga gönükdirilendi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Galeano 1971-nji ýylda çap edilen kitaby – «Latyn Amerikasynyň açyk damarlary» (Open Veins of Latin America) bilen giňden tanaldy. Bu kitap 2009-njy ýylda, Wenezuelanyň lideri Hugo Çawez onuň bir nusgasyny prezident Barak Obama sowgat bereninden soň, Birleşen Ştatlarda iň geçginli kitaplaryň birine öwrüldi.

“Bir kontinentiň bäş asyrlyk talaňy” diýen goşmaça at bilen çap edilen kitap Latyn Amerikasynyň Ýewropanyň we Birleşen Ştatlaryň abadançylygyny üpjün etmek üçin yzygiderli garyplaşdyrylandygyny öňe sürýär.

“Latyn Amerikasynda adamlaryň öldürilmegi we garyplyk bir syr. Her ýyl, diş gysyp ejir çekmegi adat edinen jemgyýetleriň üstünde üç sany Hirosima bombasy ses-sedasyz ýarylýar” diýip, Galeano özüniň asyrlara uzaýan ykdysady barlaglarynda ýazýar.

Bu kitap Çilide, Argentinada we Urugwaýda bolan harby dolandyryşlar mahalynda gadagan edildi. Onuň soňky neşirleriniň biri kyssaçy, 1973-nji ýylda Çilide bolan harby agdarylyşykdan soň ýurtdan gaçanda ýanyna alan az sanly zatlarynyň biriniň şol kitap bolandygyny aýdan Isabel Allendeniň sözbaşysy bilen çap edildi.

Galeano ýarym asyra uzan ýazyjylyk karýerasy döwründe onlarça kitap ýazdy we olaryň birnäçesi azyndan 20 dile terjime edildi.

Ol 1960-njy ýyllarda, Latyn Amerikasynyň iň esasy syýasy we medeni hepdeligi bolan “Marchany» redaktirlemek bilen, žurnalistlik işine başlady. 1973-nji ýylda, harby agdarylyşykdan soň, Galeano Argentina gaçdy we öňki neşire çalymdaş «Crisis» synyny çap etmäge başlady.

Haçanda Argentinanyň harby diktaturasy çepçilere garşy öz «hapa urşuna» başlanda, ol Ispaniýa bosgunlyga gitdi.

Ömrüniň soňky ýyllarynda ol ýene bir hyjuwy – futbol hakynda ýazan kitaby bilen uly meşhurlyk gazandy. «Guardian» gazetiniň žurnalisti Riçard Williams ony bu owadan oýun hakyndaky ajaýyp kitaby üçin «Futbol ýazuwynyň Pelesi» diýip atlandyrdy.

Galeano 2013-nji ýylda “Guardian» gazeti bilen öz soňky kitaby, «Günleriň çagalary» atly eseri barada söhbetdeş bolanda, 15-nji asyrdan şu gün çenli bar bolan mysallara ýüzlenip, dünýäde häkimiýetiň we baýlygyň barha kän az sanly adamyň elinde jemlenýändigine ünsi çekdi. Şonda ol şeýle diýipdi: “Taryh hiç wagt hakyky hoşlaşmaýar, ol soňrak görşeris diýýär.»

Metbugat materiallary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG