Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Nazarbaýew bilen duşuşdy


Gazagystanyň paýtagty Astanada Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen özara gatnaşyklary maslahat etdiler.

Nazarbaýewiň metbugat gullugynyň berýän maglumatyna görä, türk we gazak prezidentleriniň 16-njy aprelde Astanada geçiren gepleşiklerinde iki ýurduň arasyndaky söwda, ykdysady, inwestisiýa, senagat, transport we medeni ugurlar boýunça gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, olar halkara we regional meseleler boýunça hem gepleşikleri geçirdiler.

Nazarbaýew duşuşygyň çäginde eden çykyşynda Erdoganyň Gazagystana edýän sapary “biziň gatnaşyklarymyzy täze derejä çykarar” diýdi.

XS
SM
MD
LG