Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Üç gazak raýatyna 3 ýarym ýyl kesildi


Gazagystanyň günbataryndaky Oral şäheriniň sudy ýerli üç ýaşaýjyny Siriýadaky we Yrakdaky “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň hataryna goşulmaga synanyşkda aýyplap, olaryň her birini 3 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Gazagystanyň günbatar regionyndaky prokuratura edarasynyň 16-njy aprelde beren maglumatyna görä, gürrüňi gidýän adamlar Gazagystanyň serhedinden Russiýanyň çäklerine bikanun geçmäge synanyşmakda we ýurduň daşynda yslamçy söweşijileriň operasiýalaryna gatnaşmagy planlaşdyrmakda günäli tapyldylar.

Şahsyýeti köpçülige mälim edilmeýän adamlar geçen ýylyň noýabr aýynda gazak serhet gullukçylary tarapyndan tussag edilipdiler.

Oral şäherindäki prokuratura edarasynyň çykaran bu karary, Gazagystanyň günbataryndaky Atyrau şäher sudy iki gazak ýetginjegini terroristik pikirleri ýaýratmakda we “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine goşulmaga synanyşmakda günäli tapylyp, olaryň hersini bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edenden bir gün soň mälim edildi.

XS
SM
MD
LG