Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taňrydan umyt edilýär


Moskwada ipotekasy ozaldan dollar görnüşinde kesgitlenenler üçin yzygiderli dogalar okalýar.
Moskwada ipotekasy ozaldan dollar görnüşinde kesgitlenenler üçin yzygiderli dogalar okalýar.

Aprel aýynyň ortasynda Moskwanyň buthanalarynda "fermerlere we importyň öweziniň ýerli önümler bilen doldurylmagyna goldaw islenip, dogalar okalar".

"Izwestiýa" gazeti muny, Orsýetiň prawoslaw buthanasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary bölümine salgylanyp, ýazypdyr.

Bu temada doga okalmagy, köp adamlaryň pikiriçe, geň bolup biler. Ýöne Moskwada indi mart aýyndan bäri ipotekasy, ýagny döwlete bergisi ozaldan dollar görnüşinde kesgitlenenler üçin yzygiderli dogalar okalýar.

Buthanada ykdysady mazmunly doga dos-dogry bir sagatlap okalýar. Buthananyň işgärleriniň aýtmagyna görä, "adamlaryň islän temasy bilen baglanyşykly 10 ýyllap yzygiderli doga okamak bolar".

Ýöne bu ugurda käbir çäklendirmelerem bar. Buthananyň işgäri Romana Bogdasarowa "Biz dogada ors dilinde bolmadyk sözlerden peýdalanyp bilemzok. Şonuň üçinem ýörite fermerlere niýetlenen dogalar her bir şahsyň hut özüne kömek manysyndaky doga ýaly edilip okalar" diýýär.

XS
SM
MD
LG