Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Harby suduň çykaran karary soňa goýuldy


Pakistanyň Ýokary sudy ýurduň dawaly täze harby sudlary tarapyndan ölüm jezasyna höküm edilen alty yslamçy söweşijiniň dardan asylmagyny soňa goýdy.

Gürrüňi gidýän alty söweşiji aprel aýynyň başynda täze harby sudlaryň çykaran ilkinji hökümleri esasynda ölüm jezasyna we olaryň ýedinjisi ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.

16-njy aprelde Pakistanyň Ýokary sudunyň ýuristler assosiasiýasy ýanwar aýynda konstitusiýa girizilen üýtgetmeler dogrusynda käbir soraglary orta atandan soň, söweşijileriň dardan asylmagy baradaky karar soňa goýuldy. Gürrüňi gidýän konstitusion üýtgetmeleriň esasynda harby sudlar döredilipdi.

Pakistanyň sudunyň gürrüňi gidýän konstitusion meselelere 22-nji aprelde garamagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG