Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus bazasynyň täjik işgärleri protest bildirdi


Orsýetiň harby bazasynyň işgärleri protest geçirýärler, Kulob, 15-nji aprel, 2015.
Orsýetiň harby bazasynyň işgärleri protest geçirýärler, Kulob, 15-nji aprel, 2015.

Orsýetiň Täjigistandaky harby bazasynyň işgärleriniň 15-nji aprelde geçirýän protest aksiýasyna ýerli ýaşaýjylaryň onlarçasy gatnaşdy. Protestçiler alty aý bäri özlerine zähmet haklarynyň tölenmeýändigini aýdýarlar.

Kulob şäherinde ýerleşýän bazanyň öňündäki protest aksiýasyna gatnaşýan Bozorali Boltaýew protestçileriň bazanyň baş ýolbaşçysy bilen gepleşendiklerini we onuň tölenmedik aýlyklaryň beriljegini aýdandygyny habar berdi.

Bozoraliniň sözlerine görä, ýerli ilatdan bolan işgärler, şol sanda arassaçylygy saklaýan işgärler, gurluşykçylar we beýlekiler şeýle wadalary öňem ençeme gezek eşidipdirler, emma öz aýlyklaryny alyp bilmändirler.

Resmi düşündiriş

Orsýetiň harby bazasynyň wekili Igor Şerbakow “ýerli işgärleriň aýlyklarynyň tölenmändigine bazanyň jogapkär däldigini, sebäbi özara ylalaşykda bazanyň üçünji tarap bolan “Bit serwis-plus” kompaniýasy bilen hasaplaşýandygyny we onuň ýerli ýaşaýjylary işe alyp, olara aýlyk töleýändigini” aýdýar.

Emma agzalan şirket bazanyň talaba laýyk töleg etmeýändigini habar berdi.

Bu dawa, adatça ýakyn hem bolsa, käwagt özara gatnaşyklary dartgynlaşýan Täjigistanyň we Orsýetiň arasynda gahar-gazaby tutaşdyrmaga ukyply meseledir. Merkezi Aziýanyň iň kiçi we garyp ýurdy bolan Täjigistan goňşy Owganystanda yslamçy söweşijileriň zorluklarynyň ýaýramak howpuna garşy göreşde Orsýet bilen ýakyn gatnaşyklaryna bil baglaýar.

Täjigistan Orsýetden howpsuzlyk taýdan ýardama we täjik zähmet migrantlarynyň Orsýetdäki gazançlaryna garaşly bolup galýar. Täjigistanda Orsýetiň 7 000 müň çemesi harbysy ýerleşýär, olaryň 201-nji bazanyň ygtyýarlygynyň esasynda hereket edýändigi aýdylýar we bu Orsýetiň daşary ýurtlardaky iň uly harby kontingentidir.

Üç regionda Kulobda, Gorgandepede we paýtagt Duşanbede ýerleşýän Orsýetiň harby bazalarynda Täjigistanyň 200 çemesi graždany işleýär.

Moskwanyň aladasy

Orsýetiň resmileri Günbataryň söweş goşunlarynyň geçen ýylda Owganystandan çykarylandan soň Täjigistanyň howpsuzlyk ýagdaýy bilen baglylykda aladalanma bildirýärler.

Täjigistan Orsýetiň täsiri astyndaky we alty döwletden ybarat regional howpsuzlyk bileleşigi bolan ”Kollektiwleýin Howpsuzlyk Ylalaşygy Guramasynyň” agzasy.

Täjigistanyň Owganystan bilen 1300 kilometrlik umumy serhedi bar.

Geçen aýda Orsýetiň goranmak ministriniň orunbasary Anatoliý Antonow Moskwanyň “Kollektiwleýin Howpsuzlyk Ylalaşygy Guramasynyň” günorta serhetlerindäki ýagdaýdan örän aladalanýandygyny” aýdypdy. Ol “Yslam döwleti” ekstremistik toparyň “ilkinji bölümleri” Orsýetiň ýaranlarynyň, şol sanda Täjigistanyň günorta serhetlerinde peýda boldy diýdi.

Antonow mundan öň Moskwanyň täjik goşunyny güýçlendirmek isleýändigini aýdypdy. Ol bu ugurdan hiç hili jikme-jik zat aýtmady, emma Orsýetiň “Kommersant” gazeti Orsýetiň ýaragly güýçleriniň baş ştabyndaky çeşmelere salgylanyp, Moskwanyň Täjigistana geljek birnäçe ýylyň dowamynda 1.2 milliard dollar möçberinde harby kömek bermäge taýýardygyny habar berdi.

Şeýle-de Orsýet häkimiýetleri Moskwanyň Täjigistanda ýerleşýän harbylarynyň sanyny indiki bäş ýylyň dowamynda 9000 müňe ýetirip biljekdigini we 2020-nji ýyla çenli harby enjamlar bilen üpjünçiligini artdyryp biljekdigini mälim etdiler.

Harbylar bilen bagly zorluk

Soňky aýlarda bolan ençeme zorlukly wakalar Täjigistanda ýerleşýän orsýetlileriň we ýerli ýaşaýjylaryň arasyndaky dartgynlylygy görkezýär.

Orsýetli ofiser fewral aýynda Duşanbede taksi sürüjisine hüjüm edip, onuň ulagyny ogurlamakda güman edilip, tussag edildi. Munuň öňüsyrasynda Kulob şäherinde orsýetli esger restoranda işleýän täjigi urandygy sebäpli suda çekildi. Geçen tomusda bolsa orsýetli bir ofiser Duşanbede ýerli ýaşaýjyny öldürmekde güman edilip, tussag edildi.

Orsýetiň postsowet ýurtlarynyň territoriýasynda ýerleşýän beýleki harby obýektleri - Ermenistandaky uly harby bazadan, Gyrgyzystandaky howa bazasyndan we Moskwanyň geçen ýyl Ukrainadan bikanun bölüp alyp, öz düzümine goşan Krymdaky harby-deňiz bazasyndan ybaratdyr.

XS
SM
MD
LG