Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan harbylaryna hüjüm edildi


Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Garkyn etrabyndan Jowuzjana gaýdyp barýan Owgan harbylaryna söweşijiler tarapyndan şu gün hüjüm edildi. Bu hüjümiň netijesinde bir owgan harbysynyň heläk bolandygy aýdylýar.

Şol harbylar mundan üç gün ozal Türkmenistan bilen serhetleşýän Hamýap etrabyny söweşijilerden arassalamak üçin baryp, operasiýa geçirmän yzyna gaýdyp barýan mahaly söweşijileriň hüjümine duçar bolupdyr.

Jowuzjan welaýatynyň polisiýa bölüminiň başlygy General Fakyrmuhammad Azatlyk radiosyna beren maglumatynda, şol çaknyşykda sekiz “Talyban” söweşijisiniň hem heläk bolandygyny aýtdy.

Emma bu maglumaty henize çenli garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

XS
SM
MD
LG