Sepleriň elýeterliligi

“Microsoft”-yň iki sim kartaly “Lumia 540” smartfony


“Microsoft” kompaniýasynyň iki sim kartaly "Lumia 540' smartfon modeli.

“Microsoft” kompaniýasynyň iki sim kartaly "Lumia 540' smartfon modeli.

Ýokary derejeli tehnologiýa enjamlary öndürmek üçin “Windows 10-yň” işe girizilmegine garaşýan “Microsoft” kompaniýasy birnäçe wagt bäri orta derejeli smartfon modellerini köpçülige hödürleýär.

Bu kompaniýa indi iki sim kartaly smartfon - "Lumia 540' modelini köpçülige mälim etdi.

Bu smartfonyň 5-inçlik 720p HD IPS LCD ekrany bolup, bu orta derejeli telefonlaryň ekran hiline deňdir.

"Lumia 540"-yň arka kamerasy 8 Mp-ä, öň tarapyndaky kamerasy 5 Mp-ä deň bolup, bu ylaýtada selfie, ýagny smartfonyň öň tarapyndan özüni surata düşürmek isleýänler üçin niýetlenendir.

Bu smartfonyň 8 GB ýady we 1GB RAM-y bolup, onuň ýady Micro SD arkaly 128 GB çenli artdyrylyp bilner. Gürrüňi gidýän smartfonyň dizaýny "Lumia 535"-e meňzeýär.

Şeýle-de, bu smartfon Windows 8,1 dolandyryjy ulgamy bilen işlär. Emma Windows 10 ulanyşa berlende, onuň sistemasy täze ulgama çalşyrlyp bilner.

Smartfon 149 amerikan dollaryndan başlaýan baha bilen dört reňkde (mämişi, gara, ak, firuza) satuwa çykarylar.

XS
SM
MD
LG