Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Astana: Zenanlaryň türmesi boşadyldy


Gazagystanyň merkezindäki Karagandy regionynda güýçli siliň gelmegi netijesinde aýallar türmesindäki tussaglar ewakuasiýa edildi.

Karagandy regionynyň Içeri departamentiniň resmileriniň 16-njy aprelde Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, Koksun şäherçesindäki 159/9 belgili jeza beriş koloniýasyndaky 943 tussag sil geleni sebäpli beýleki türmelere geçirildi.

16-njy aprelde Gazagystanyň premýer-ministri Bahytžan Sagintaýew Gabiden Mustafin atly oba bardy. Bu obada siliň gelmegi netijesinde 700 çemesi bina ýumruldy.

Soňky günlerde bu obanyň 4 müň çemesi ýaşaýjysy ewakuasiýa edildi.

Şeýle-de, siliň gelmegi netijesinde gara ýollaryň ençemesi ýapyldy we Akmolada, Gündogar Gazgaystanda, Demirgazyk Gazagystanda we Pawlodar regionynda ewakuasiýa çäreleri geçirildi.

XS
SM
MD
LG