Sepleriň elýeterliligi

Kreml ABŞ-nyň harbylarynyň Ukraina gelmegini tankyt etdi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow Birleşen Ştatlaryň 300 sany desantçysynyň Ukrain Milli gwardiýasynyň goşunyna tälim bermek üçin Ukraina gelmegini tankyt edip, olaryň gelmegi konflikte bürenen ýurtdaky ýagdaýy durnuksyzlaşdyryp biler diýdi.

16-njy aprelde Birleşen Ştatlaryň armiýasy amerikan desantçylarynyň gündogar Ukrainadaky desga baryp ýerleşendigini mälim etdi we olaryň Ukrainanyň rezerw güýçleriniň 900 çemesi agzasyny tälim berjekdigini aýtdy.

2014-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň gürrüňi gidýän birleşiginiň harbylary Polşada, Estoniýada, Latwiýada we Litwada hem ýerleşdirilipdi. Bu çäre Russiýanyň Ukraina harby taýdan goşulyşmagynyň yzýany, gürrüňi edilýän ýurtlarda dörän aladalanmalary kemeltmek we bu ýurtlardaky harby güýçlere tälim bermek maksady bilen amala aşyrylypdy.

XS
SM
MD
LG