Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alty ukrain kazysy wezipeden çetleşdirildi


Sudýalaryň kwalifikasiýasy boýunça Ukrainanyň Ýokary komissiýasy tutuş ýurduň çäginde alty kazyny wezipesinden boşatdy.

Bu kazylaryň bäş sanysy korrupsiýa aýyplamalary bilen şübhelenip, beýleki biri bolsa 2014-nji ýylyň fewral aýynda bolan protestler döwri asuda demonstrantlary bikanun tussag etmekde aýyplanyp wezipesinden çetleşdirildi.

Ukrainanyň Baş prokuratura edarasynyň 17-nji aprelde beren maglumatyna görä, bu karar 15-nji aprelde kabul edilipdir.

Çerkasi, Žytomir, Kiýew we Winnitsýa regionlarynyň we ukrain paýtagty Kiýewiň kazylary baş prokuror Wiktor Şokiniň haýyşy esasynda wezipesinden boşadyldylar.

Gürrüňi gidýän kazylara garşy henize çenli jenaýatçylykly aýyplamalar gozgalmady.

XS
SM
MD
LG