Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Karaçi: Amerikan zenany ýaralandy


Pakistanyň Karaçi şäherinde özleriniň yslamçy söweşijilerdigini öňe sürýän ýaragly adamlar bir amerikan zenany atyp ýaraladylar we onuň üstünde zenanyň ady we onuň Birleşen Ştatlaryndan bolany sebäpli nyşana alnandygy ýazylan haty goýdular.

Karaçi şäherindäki stomatologiýa kolejiniň prorektory Debra Lobo işden öýüne gaýdyp barýan mahaly, motosikletli ýaragly adamlar tarapyndan ýüzünden we elinden atylyp ýaralandy.

Lobo 17-nji aprelde Karaçiniň keselhanasyna ýerleşdirildi.

Gürrüňi gidýän ýaragly adamlar zenanyň üstünde galdyran hatynda özleriniň “Pakistanly Talybanyň” Balojystan welaýatyndaky “Dualat al Islamia” atly bölüminiň agzasydygyny öňe sürýärler. 2014-nji ýylda “Dualat al Islamia” topary özüniň “Yslam döwleti” atly topara ygrarlydygyny mälim edipdi.

Pakistanyň polisiýasy hüjümçileriň yslamçy söweşijilerdigini henize çenli tassyklap bilmeýändigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG