Sepleriň elýeterliligi

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy: Ýazan dermanlary tapdyrmaýar


Näsag we lukman.

Näsag we lukman.

Türkmenistanda käbir ýaşaýjylar döwletiň hödürleýän medisina ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň ýa-da, il arasynda aýdylyşy ýaly, ”medstrahowkanyň” ulanylyşynyň amatly däldigini aýdýarlar.

Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlanyp, Türkmenistanda işlemeýän we yzygiderli girdejileri bolmadyk raýatlaryň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça töleýän tölegleriniň möçberi 15 esse ýokary galdyryldy. Şondan ozal raýatlar her aýda 1 manat tölän bolsalar, agzalýan karar güýje girenden soň, her aýda 15 manat tölemeli boldular.

Balkan welaýatynyň Gumdag şäherçesinden öý hojalykçy Ogulgözel medisina ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň ulanylyşy barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG