Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kann festiwalynyň baş baýragyna dalaşgär kinofilmler


13-nji maýda başlajak Kann kinofestiwalynda esasy baýragy almak ugrunda 17 film ýaryşar. Olar şulardan ybarat:

"Agaç deňzi" (Gus Wan Sant, ABŞ). Kinofilm Ýaponiýada öz janyna kast etmek "jana kast edişlik tokaýyna" giden iki adamyň gapyl düşünjesi hakynda. (Hakykat ýüzünde, ýagny hakyky durmuşda şeýle tokaý dogrydanam bar. Aokigahara tokaýy Tokiýo şäherinde adamlaryň öz janyna iň köp kast edýän ýeridir).

"Ýönekeý adam" (kinofilmiň režissýory: Stefan Braýz, Fransiýa). Bir supermarketde howpsuzlyk işgäri bolup işläp başlan 51 ýaşyndaky baş gahryman gysga wagtyň içinde bir dilemma uçraýar, ýagny mümkin bolmadyk iki ruhy duýgudan birini saýlap almaga mejbur bolýar. Ondan öz işdeşlerini yzarlamaklyk talap edilýär.

"Ýaşlyk". Oskar baýragynyň eýesi Pawlo Sorrentinonyň surata düşüren bu kinofilmi söýgi, ýitgi (aýralyk), arzuw, sungat işgäriniň döredijilige teşneligi hakynda.

80 ýaşdan geçen iki dost Alp daglarynda dynç alýarlar. Ýaşlyk ýyllaryny ýatlaýarlar, durmuşyň gadyryny bilmäge we oňa sarpa goýmaga çalyşýarlar. Olaryň biri at gazanan dirižýor, beýlekisi bolsa iň soňky giň göwrümli kinofilmini tamamlamakda kynçylyk çekýän bir režissýor.

Eýse, bir sungat işgäri üçin öz sungat ýoluna ahyrky nokady goýmagyň aňsat däldigi hemmelere aýan ahyryn. Londondaky şalyk saraýyndan owalky dirižýora konsert bermegi barada teklip iberilýär. Teklip ony gaty kyn dilemma bilen ýüzbe-ýüz galdyrýar... (dowamy aşakda)

"Rak" (kinofilminiň režissýory: Ýorgos Lantimos, Gresiýa. Beýik Britaniya - Irlandiýa - Gollandiýa - Fransiýa). Kinofilmiň temasy distopiýadyr, ýöne onda-da romantik ugurly. Geljekdaki, ýagny mundan 45 ýyl soň boljak döwürdäki hadysalar suratlandyrylýar. Adamlar diýseň ýiti ýalňyzlyk çekýärler. Olara bir myhmanhanada özüne söýgüli tapmagy üçin 45 gün möhlet berilýär. Eger tapyp bilmeseler, olary haýwana öwrüp, tokaýa goýbererler...

"Jellat" (kinofilmiň režissýory: Hou Hsiao-hsein, Taýwan). Aýylganç uruşly bir kinofilm. Bu kinofilm Tank dinastiýasy (618-nji we 907-nji ýyllarda) döwründe bir zenanyň jelladyň öldürmeli bir ýigidine aşyk bolşy barada. Kinofilmde durmuş - jelladyň obrazynda, jelladyň ruhy dünýäsi we onuň missiýasy, wepalylyk ýaly adamzat gymmatlyklary temasy gozgalýar.

"Karol" (kinofilmiň režissýory: Todd Haýns. ABŞ - Beýik Britaniýa). Keýt Blençet we Runi Maranyň oýnaýan bu kinofilmi 1950-nji ýyllarda Nýu-Ýorkda bir ýaş söwda merkeziniň satyjysynyň özünden uly intelligent zenana aşyk bolşy barasynda.

"Meniň ejem" (Nenni Moretti, Italiýa - Fransiýa). Bu tragi-komediýadaky hadysalar kameralaryň öňünde bolşy ýaly arkasynda hem bolup geçýän ýagdaýlara gönükdirlen. Drama surata düşürýän bir režissýoryň öz şahsy durmuşynda hem haos ýüze çykýar.

Onuň ejesi keselhana düşýär. Ol bir tarapdan tomaşaçylara öz surata düşüren kinofilminde drama görkezýärkä, beýleki tarapdan hut öz durmuşynyň dramasyndaky "roluny" oýnaýar. (dowamy aşakda).

"Diwan" (kinofilmiň režissýory: Ýakus Audýard, Fransiýa). Kinofilmiň gahrymany Şri-Lankaly owalky "Tamil gaplaňy" atly ýaragly pitneçi. Ol şowsuzlykdan başga çäre galmandygyna göz ýetirensoň, Fransiýa gaçýar.

Syýasy bosgunlyk rugsadyny alyp bilmek üçin ol öz ýany bilen bir nätanyş aýal bilen bir gyzy hem äkidýär. Göýä olar onuň maşgala agzalary. Parižiň bir çetinde garawul bolup işe başlan owalky pitneçi özüne täze bir durmuş döretmek isleýär. Ýöne Parižiň çetindäki gündelik durmuşyň kynçylyklary ondaky urşujy endiklerini täzeden oýarýar we köne ýaralaryny ganadýar...

"Bombadanam aýylganç sesli". (kinofilmiň režissýory: Ýahim Traýer. Norwegiýa - Fransiýa - Daniýa). Harby žurnalist Izabel Happertiň aradan çykmagyndan 3 ýyl soň oňa bagyşlanyp gurnalan sergi adamsy bilen ogluny duşyşdyrýar.

Emma olar merhumy biri-birinden diýseň tapawutly ýatlaýarlar. Kakasynyň öz ogly bilen sözi alyşmaýar... Hiç kim öz Izabel baradaky pikirinden, ýatlamalaryndan el çekmek, ol hakdaky düşünjelerini üýtgetmek islemeýär.

"Margarita we Žulýen" (kinofilmiň režissýory: Waleriý Donzelli). Çagalykda biri-birini gaty gowy gören iki doganyň, gyz bilen oglan doganyň gatnaşygy ulalansoňlar yşga öwrülýär. Jemgyýetiň gazabyna duçar bolan Margarita we Žulýen çykalgany gaçmakda tapýarlar.

"Ertekileriň ertekisi". Iki gezek Kann festiwalynyň baş baýragyny alan Matteo Garroniň bu kinofilmi 17-nji asyrdaky italýan ýazyjysy Giambattista Basilniň ertekilerine esaslanýar. Kinofilmde Salma Haýk, Wintset Kasl hem surata düşüpdir. (dowamy aşakda).

"Daga gidip biler" (Ýa Žanke, Hytaý - Ýaponiya - Fransiýa). Kinofilm Hytaý jemgyýetindäki özgerişlikleri görkezýär. Üç nesliň başdan geçirmelerini: 1990-njy ýyllardaky, häzirki döwürdäki we geljek zamandaky, ýagny 2025-nji ýyldaky ýagdaýlary suratlandyrýar. Eýse, şeýle ullakan özgerişlikler adamlaryň dünýägaraýşyna, pikirdir-duýgularyna nähili täsir ýetirýärkä?..

"Makbet" (kinofilmiň režissýory: Žastin Karzel, Beýik Britaniýa - Fransiýa - ABŞ). Bu kinofilm Şekspiriň Şotlandiýanyň şasy Makbet hakynda, häkimýet nebsi, dost hyýanaty baradaky meşhur eseriniň täze interpretasiýasydyr.

"Hökümdarym" (kinofilmiň režissýory: Maýwen, Fransiýa). Bu kinofilm şowsuzlyga duçar bolan söýgi hadysasyndan soň bir zenanyň özüni dürsemegi, durmuşyny täzeden düzgüne salmak synanyşygy hakda.

"Saulyň ogly" (kinofilmiň režissýory: Lazlo Nemes, Wengriýa). Bu kinofilmde Oswensim düşelgesinde saklanýan bir ýesiriň durmuşy suratlandyrylýar. Oňa öldürilen adamlaryň meýitlerini otlamaklyk tabşyrlypdyr. Ol edil öz ogly ýaly gowy görýän bir ýaş ýigdiniň meýdini gizlemäge synanyşýar...

"Tölegli aýal" (kinofilmiň režissýory: Denis Willenuw, ABŞ). Kinofilmde Meksikadaky neşe mafiýasynyň dawalary suratlandyrylýar.

"Biziň kiçijik uýamyz" (kinofilmiň režissýory: Hirokazu Kore-eda, Ýaponiýa). Bu film üç sany gyzjagazyň, kakasy ölensoň, öz eneleriniň öýündäki durmuşy hakda. Gysga wagtda olaryň arasyna 13 ýaşyndaky enebaşga uýalary hem goşulýar.

XS
SM
MD
LG