Sepleriň elýeterliligi

Ukraina kommunistik geçmişinden arany açýar


W.Leniniň ýumrulan heýkeli, Ukraina, Kriwoý Roh

W.Leniniň ýumrulan heýkeli, Ukraina, Kriwoý Roh

Ukrainada ýurduň 20-nji asyrdaky kommunistik mirasyndan saplanmak maksadyna gönükdirilen kanunlaryň toplumy kabul edildi. Moskwa bolsa bu çärä Orsýetiň abraýyna hüjüm etmek boýunça ýol bererliksiz ýagdaý hökmünde garaýar.

2014-nji ýylyň sentýabrnyň aýagynda ukrain baýdaklaryny galgadyp, “Ukraina şöhrat!” diýen şygar astynda adamlar sowet ýolbaşçysy Wladimir Leniniň heýkelini ýumurdylar.

Içeri işler ministri Arsen Awakow Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda bu waka özüniň gynanmaýandygyny aýtdy. Awakow ”Bu ganhor kommunistik idol has köp pidalara getirmänkä” “Onuň ýok edilmegine ýol beriň” diýip ýazdy.

Öwrülişik pursady

Ukrainada Ýewromaýdan çykyşlarynyň dowamynda tutuş ýurt boýunça Leniniň heýkelleriniň ýok edilmegi ýurtda aň-düşünje taýdan hem öwrülişikli pursatyň emele gelmeginiň alamaty boldy.

Bu ýagdaý ýurtda, Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen 1991-nji ýylda başlanan, emma henizem gutarmadyk prosesiň üstüni açdy. Ýagny Wladimir Putiniň golastyndaky Orsýet tarapyndan özüne howp hökmünde garalýan Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine we NATO goşulmak meselesini gozgady.

9-njy aprelde Ukrainanyň parlamenti Werhownaýa Rada kommunistik mirasdan saplanmak boýunça dört sany giňişleýin kanuny makullady. Olaryň arasynda söwet simwollaryny gadagan etmek we Sowet hem Nasistik režimlere deň garamak barada kanunlar kabul edildi.

Orsýet bilen arany üzmek

Kanuny öňe süren kanunçykaryjylar gadagançylyklaryň Ukrainanyň sowet geçmişi bilen bilelikde Putiniň golastyndaky Orsýet bilen arasyny gutarnykly üzjegine umyt baglaýarlar.

“Islendik reformanyň öz bahasy bar” diýip Ukrainanyň Milli ýadygärlikler institutynyň müdiri Wolodymyr Wýatrowyç aýdýar.

“Emma men onuň bahasy ýurduň üýtgäp başlamagy arkaly delillendiriler diýip hasap edýärin. Biz Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň tejribelerine syn edip, olaryň kommunizmiň mirasyndan saplanyp, kadaly, demokratik ýurtlara öwrülendigini görýäris” diýip, Wolodymyr Wýatrowyç nygtaýar.

Moskwanyň reaksiýasy

Moskwanyň Ukrainanyň kommunistik mirasyndan saplanmak boýunça prosesine reaksiýasy Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine we NATO goşulmak baradaky planlary babatynda bolşy ýaly örän negatiw boldy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň 10-njy aprelde ýaýradan beýannamasynda Ukrainanyň täze kanunlary “Ukrain halkynyň gahrymançylykly geçmişine garşy göreşiň güýçlendirilmeginiň” bir bölegi diýlip atlandyryldy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 14-nji aprelde eden çykyşynda täze kanunlary Kiýew bilen orsýetçi separatistleriň arasyndaky ýaragly konfliktiň soňuna çykmak boýunça minsk prosesi üçin “zyýanly” diýip atlandyrdy.

Geçmişe garaýyşlar tapawutlanýar

Kremliň nukdaýnazaryndan kommunistik geçmiş ykdysady ösüşiň, sosial tertip-düzgüniň we has möhüm ýeri, nasistik Germaniýany ýeňmegiň döwri bolupdy.

Barha köpsanly ukrainalylar üçin şol döwür açlygyň, terroryň we Ukrainanyň milli maksatlaryna garşy repressiýalaryň wagty bolupdy.

Ukraina kommunistik mirasdan saplanmak boýunça synanyşygyny garaşsyzlygynyň başyndan bäri dürli görnüşde amala aşyrmaga synanyşypdy, emma üstünlik gazanmady. Bu ugurdaky soňky tagallalar post-Ýewromaýdan jemgyýetiniň talaplaryna we Orsýet bilen konfliktiň netijelerine daýanýar.

XS
SM
MD
LG