Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bedew baýramyna taýýarlyk görülýär


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow at üstünde 23-nji aprel, 2011 ý.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow at üstünde 23-nji aprel, 2011 ý.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde Bedew baýramçylygyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berildi.

Türkmen metbugaty gelýän ýekşenbede belleniljek Bedew baýramçylygyna dünýäniň elli ýurdundan 500-den gowrak myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýandygyny ýazýar.

Türkmen paýtagtynda Bedew baýramçylygynyň dabaralarynyň çäklerinde Halkara Ahal-teke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisi, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VII halkara ylmy-maslahat, ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarka guralar.

Mundan başga, Köpetdag şaýolunyň ugrunda uzak aralyga at çapmak ýaryşy geçiriler, halkara atçylyk sport toplumynda bolsa, atlaryň päsgelçilikden bökmegi boýunça bäsleşik, dürli aralyklara at çapyşyklar guralar. Şeýle-de bu gezekki baýramçylykda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda ilkinji gezek bäsleşik guraljagy habar berilýär.

TDH 22-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda ahal-teke atlaryna bagyşlanan eserleriň döredijilik bäsleşiklerine hödürlenen işleriň sergisiniň guraljagyny habar berýär.

Bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry bolsa, 24-nji aprelde Türkmenistanyň prezidentiniň Ahal-teke atçylyk toplumynda geçiriler.

Bulardan başga, 25-nji aprelde çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň türkmen atlaryna bagyşlanan eserleriniň hem sergisi guralar, ýetginjek aýdymçylaryň we tansçylaryň çykyşlaryna tomaşa ediler.

Baýramçylyk güni bolan 26-njy aprelde türkmen bedewleri barada döredilen çeper eserleriň bäsleşiklerinde ýeňiş gazanan eserleriň sergisi geçiriler. Bagşy-sazandalar bolsa, türkmen bedewini wasp edýän aýdym-sazlary bilen çykyş ederler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG