Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek erkegi 'gynalan' diýilýär


Tussaghanada ölen özbek erkeginiň garyndaşlary onuň polisiýa tarapyndan gynalandygyny aýdýarlar.

Berk gözegçilikdäki Merkezi Aziýa ýurdunyň polisi 26 ýaşyndaky Kamoloddin Kuziýewiň özüni öldürendigini aýtdy.

Kuziýewiň dogany Bobomurat Kuziýew Azatlyk radiosynyň Özbek gullugyna Kamollodiniň bozgaklykda güman edilip, 16-njy aprelde polisiýa çagyrylandygyny aýtdy.

Iki gün soň polisiýa onuň jesedini maşgalasyna berip, derrew jaýlamagy tabşyrypdyr.

«Polisiýa bize onuň özüni asandygyny aýtmazyndan öň gabryny hem gazyp, taýýar edip goýupdyr» diýip, Bobomurat Kuziýew Azatlyk radiosyna aýtdy.

Ol öz doganynyň bedeninde bir topar gynag yzyny görendiklerini hem gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG