Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan şäheri partlamadan sarsdy


Owganystanyň gündogar şäheri Jalalabatda janyndan geçen bombaçynyň hüjümi azyndan 33 adamy öldürip, 100-den gowrak adamy ýaralady, prezident Aşraf Gani bu hüjümiň «Yslam döwleti» topary tarapyndan guralandygyny aýdýar.

Şaýatlar Nangarhar welaýatynyň paýtagtyndaky hüjümçiniň 18-nji aprelde, bankyň daş işiginde, hökümet işgärleri we harbylar aýlyk almaga gelende özüni ýarandygyny aýdýarlar.

Şondan az wagt soň ikinji bomba partlady. Polisiýa pidalaryň köpüsiniň asuda adamlardan bolandygyny, emma olaryň arasynda käbir polisiýa işgäriniň hem bardygyny aýtdy.

“Talybanyň» wekili twitterde bu hüjümi ýazgardy we özleriniň oňa galtaşygynyň bardygyny ret etdi.

Owgan mediasy bu hüjümiň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" toparynyň boýun alandygyny aýdýar.

Gazni welaýatynda bolsa, ýerli resmiler hazara etniki azlygynyň dört agzasynyň näbelli adamlar tarapyndan kelleleriniň kesilendigini aýtdylar. Ol dört adam geçen hepde alnyp gaçylypdy.

XS
SM
MD
LG