Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenko harby parada gatnaşmaýar


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko özüniň Ikinji Jahan urşunyň 70 ýyllygyny bellemek üçin 7-nji we 8-nji maýda Moskwada boljagyny, emma ol ýerde 9-njy maýda geçirilýän harby parada gatnaşmajagyny aýtdy.

Lukaşenko Orsýetiň ITAR TASS habar gullugy bilen 18-nji aprelde eden söhbetdeşliginde muňa derek Minskde parada ýolbaşçylyk etjegini gürrüň berdi.

Belarus adatça Orsýetiň ýakyn ýaranydy, emma Lukaşenko Moskwany ukrain syýasaty bilen baglylykda tankyt edýär.

XS
SM
MD
LG