Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim papasy migrantlara ýardama çagyrýar


Pop Fransis Ýewropa Bileleşigini Italiýa Ortaýer deňzinde barha köp gark bolýan migrantlary halas etmekde has kän ýardam bermäge çagyrdy.

Fransis 18-nji aprelde Watikanda italian prezidenti Sergio Matarella bilen duşuşandan soň çykyp gürledi.

Rim papasy «bu hadysanyň görnetin proporsiýalary has giň gatyşmlary talap edýär» diýdi.

Fransis Italiýa 2014-nji ýylyň başyndan bäri sany 200 müňe ýeten bosgunlary we beýleki migrantlary halas edýänligi, olara pena berýändigi üçin sag bol aýtdy.

Ol bu işe Ýewropa hem halkara derejesinde has giň ýardam berilmelidigini nygtady.

Diňe soňky hepdede 10 müňden gowrak migrant geldi. Italiýa özüniň adam gaçakçylary tarapyndan deňizde taşlanan migrantlary halas etmegi dowam etdirjegini aýdýar, emma ÝB-niň olary halas etmek we penalamak işine köpräk goldaw bermegini talap edýär.

XS
SM
MD
LG