Sepleriň elýeterliligi

logo-print

YD: Erbil partlamasyny biz guradyk


«Yslam döwleti» topary 17-nji aprelde ABŞ-nyň Yragyň awtonom kürt regionyndaky konsullygynyň golaýynda bolan we iki türki öldüren partlamanyň jogapkärçiligini öz boýnuna aldy.

YD 18-nji apreldäki gündelik audio habarynda «Howpsuzlyk toparlary şäherdäki (Erbil) amerikan konsullygynyň ýanynda goýlan maşyn bombany partlatmagy başardylar we bu olaryň köpüsiniň öldürilmegine hem ýaralanmagyna getirdi» diýýär.

Emma Birleşen Ştatlaryň Döwlet depertamenti Aýnkawadaky, kürt regional paýtagty Erbiliň golaýyndaky partlama konsullyk işgärleriniň hiç birine zeper ýetirmedi diýdi.

XS
SM
MD
LG