Sepleriň elýeterliligi

42 million tonna 'e-zibil" zyňyldy


2014-nji ýylda dünýä ýüzünde 42 million tonna golaý "e-sibil", ýagny elektrik enjamlary, simler we batereýalar zibilhana taşlanypdyr.

BMG-niň 19-njy aprelde çap eden hasabaty bu zibilleriň diňe 6.5 tonna çemesiniň gaýtadan ulanmak üçin ýygnalandygyny aýdýar.

BMG uniwersitetiniň hasaplamalaryna görä, taşlanan materiallar, şol sanda altyn, kümüş, demir we mis 52 milliard dollar çemesi pula durýar.

2014-nji ýylda elektron zibillerini zyňmakda birinjiligi Birleşen Ştatlar eýeledi, ýagny 7.1 million tonna "e-waste" öndürdi.

Elektron zibillerini «öndürmekde» ikinji orny 6.0 million tonna elektron zibil bilen Hytaý eýelese, ondan yzdaky orunlary Ýaponiýa, Germaniýa, Hindistan ýaly ýurtlar eýeleýär.

XS
SM
MD
LG