Sepleriň elýeterliligi

Gani, Rohani hyzmatdaşlygy wada berýär


Owgan prezidenti Aşraf Gani eýranly kärdeşi Hassan Rohani bilen howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak, gerek bolsa, YD jeňçi toparyna garşy bilelikde operasiýa geçirmek wadasyny berdi.

Olar bu wadany Tähranda 19-njy aprelde guralan metbugat konferensiýasynda berdiler.

Gani Owganystanyň Jalalabat şäherinde bolan kast ediş hüjüminden bir gün soň, iki günlük resmi sapar bilen Tährana bardy.

Jalalabat partlamasynda 33 adam öldi we Gani bu hüjümde YD toparyny günäledi.

XS
SM
MD
LG