Sepleriň elýeterliligi

Kerimowyň 'garrylyk' alamatlary


Yslam Kerimow. 21-nji mart, 2015.

Yslam Kerimow. 21-nji mart, 2015.

Özbek prezidenti, siz näme hakynda gürrüň edýärdiňiz?

Kerimow 10-njy aprelde dördünji möhlet prezidentlige kasam kabul etdi. Ol öz inagurasiýa sözi mahalynda käbir «garrylyk» alamatlaryny görkezdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy Kerimowyň sözlän sözüne ýakyndan syn etdi we 77 ýaşyndaky prezidentiň sözlän sözünde garrylyk alamatlaryny görkezýän zatlary bellige aldy.

Döwlet mediasy Kerimowyň okan tekstiniň ýazmaça görnüşini çap etdi. Bu sözüň ýazmaça görnüşi 1295 sözden ybarat. Ýöne onuň tekstden çykan, özüçe bir zatlar aýtjak bolan, käte sözüne büdrän ýerleri bilen, prezidentiň sözlän inagursiýa sözüniň uzaklygy 2000 sözden hem geçdi.

Öwünmäge garşy öwünmek

Kerimow köplenç öwünjeňligiň gelşiksiz zatdygyny aýdýar. Adatça, bu tema onuň sözlän sözleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär we soňra ýurduň nähili rowaçlyklara eýe bolandygy aýdylýar.

"Biz hiç haçan öwünmeýäris. Jemi içerki önümiň ösüşi 8 prosent. Sebäbi munuň üçin ol ýerde taýýarlyklar boldy, biz garaşsyz bolalymyz bäri her gün plan düzýäris. Diňe biziň bäş prinsipimiz esasynda, biz hiç haçan we hiç ýerde öwünmeýäris, kiçi ýaly uly münberden, hiç wagt döşümize kakmadyk. Eger gerek bolsa, men muny ýene we ýene-de aýtjak, öwünmek, kim-de kim öwünse, diňe ady bar ýurt öwünýändir, emma biz bu ýoldan gitmedik.”

Gorkduňyzmy? Siz entek hiç zat eşitmediňiz.

Kerimow parlament agzalaryna ýüzlenip, sözüni şeýle dowam etdirdi:

"Meniň ezizlerim, şu gün men siz bilen duşuşýaryn we eger siz näme üçin diýip sorasaňyz, ozaly bilen, siz partnýorlara öwrüldiňiz, onsoň eger şu gün açyk aýdylmaly bolsa, eger prezident gizlin syralary açýan bolsa, hemem siz ol syrlary saklaýjy bolýan bolsaňyz, siz maňa has ýakyn adamlara öwrüldiňiz.»

Kerimow özüniň baş çaşyryjy sözlemini tamamlanda gürrüldili el çarpyşma ýaňlandy. Ýöne onuň haýsy «syrlar» barada gürrüň edeni ýa-da näme diýjek bolany hiç kime belli bolmady.

Kerimow inagurasiýa dabarasyna gatnaşýan diplomatlara tarap öwrülip, - olaryň hemmesi diýen ýaly ilçilerdi, sebäbi inagurasiýa dabarasy barada bu çäräniň başlanmagynyň 24 sagat çemesi öňünden habar berlipdi, şeýle diýdi:

"Men diplomatlar meselesinde hemişe geň galýaryn, olar menden hormat-sylag görýärler we hiç wagtda keýpsiz hoşlaşmaýarlar. Ozaly bularyň ählisi diplomatlar, ilçiler, haçanda olar öz möhletlerini tamamlanlarynda, adam köne dosty bilen hoşlaşmaly ýaly bolýar, sebäbi olar iki-üç ýyl içinde dostlara öwrülýärler. Bu bir düzgün boldy, sebäbi hiç bir ilçi hoş gal diýmek islemeýär. Eger gerek bolsa, men öz halkymyň hormat-sylagyny şu wagt işleýän ilçileriň ählisine geçirip biljek, ikinjiden, eger biri biz hoşlaşamyzda, sen näme isleýäň diýip sorasa, eger men bir medal döredip, ony hem “Men Özbegistany söýýän» diýip atlandyrsam näme.»

Märeke uly joşgun bilen el çarpdy.

Kerimow, görnüşinden, ýazylyp berlen sözünden azaşyp, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamadan gelen telegramma hakynda gürläp, sözüni dowam etdi. Ýogsa bu telegramma eýýäm ýurduň ähli gazetinde çap edilipdi we hemmeler tarapyndan "okalypdy".

Ýurduň gelejegi 'ýaşlarda'

Ol ýurduň gelejeginiň Özbegistanyň ýaş adamlarynyň elindedigini köp gezek gaýtalady, «demokratiýany ornaşdyrmak zerurlygy» hakynda gürrüň etdi. Geň sözler, sebäbi Kerimow garaşsyz Özbegistana 25 ýyla golaý prezidentlik edýärdi we ol ýap-ýaňy, baş kanuny bozup, dördünji möhlete bikanun prezident bolupdy. Indi bolsa bu ugurda özgelerden yza galmaly däldigini aýdýardy we hemmeleri şuňa çagyrýardy.

Ol öz ildeşlerine daşary ýurt maýasynyň gowudygyny aýtdy we bu meseledäki kemter, bir taraply garaýyşlary taşlamalydygyny belledi.

Kerimow ýaşlar temasy barada yza gaýdyp, şeýle diýdi: «Eger biz geljek nesil geljegi kesgitleýär diýsek, biz hiç haçan yzda galmarys.»

Men bu bir Zen nakylymy ýa başga bir zat, bilip bilmedim.

Kerimow öz sözüniň jemleýji böleginde hemmelere ýüzlenip, «Prezident size indi gorkmaň diýýär» diýdi.

Kinaýaly jemleme, sebäbi Kerimow, onuň korrupsiýa çümen resmileri, gazaply howpsuzlyk gulluklary özbek halky üçin gorky-howatyryň uly bir çeşmesi bolup durýar.

Bu ýaramaz alamat. Sebäbi Kerimow ýap-ýaňy bäş ýyllyk täze möhlete gaýtadan prezident saýlandy. Gazetler prezidentiň sözüniň resmi, özlerine tekst görnüşinde berlen nusgasyny Kerimowyň has ýaş günlerinde düşen suratlary bilen ýanaşdyryp çap edip çäklenen bolsalar, döwlet TW-si resmi tekste girmeýän goşmaça, sepleşmeýän sözleri almalymy ýa däl diýen sorag sebäpli kyn ýagdaýda galdy.

Çünki ol goşmaçalaryň bir samrama ýa-da akyl-paýhas önümidigini diňe Kerimow kesgitläp biljekdi. Döwlet TW-si, Kerimowyň görüp, näme üçin bu ýerdäki ajaýyp sözlerimi aýyrdyňyz diýmeginden çekinip, tutuş sözi gaýtalap berdi.

Kerimowyň saglyk ýagdaýy barada kän myş-myş ýaýradyldy, soňky döwürler bolsa olar hasam güreldi. Köp adam Kerimowyň prezidentligi diňe onuň ömür möhleti gutaranda tamam bolar öýdýär.
Konstitusiýa esasynda, bu häkimiýeti başga birine geçirmegiň iň aňsat ýoly bolardy.

Bu makalany ýazmaga Ozodlik radiosynyň direktory Alişer Sidikow kömek berdi. Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG