Sepleriň elýeterliligi

BMG: Anbardan 90 müň adam gaçdy


BMG Yragyň hökümet güýçleri bilen «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň arasynda barýan söweşler netijesinde Anbar welaýatynyň 90 müňden gowrak ilatynyň ýaşaýan ýerinden bosandygyny aýdýar.

Lise Grande, BMG-niň Yrakdaky ynsanperwerçilik kordinatory 19-njy aprelde “bu ýerdäki ýagdaý agyr» diýdi we diňe gyssagly ynsanperwerçilik kömekleriniň adamlaryň janyny halas edip biljegini aýtdy.

Ol müňlerçe adamyň öýlerinden gyssagly we diňe iň zerur zatlarynyň bir bölegini alyp gaçandyklaryny we olara ilkinji nobatda azyk, suw, pena kömeginiň berilmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG