Sepleriň elýeterliligi

Somali: BMG-niň ulagyna hüjüm edildi


Somaliniň howpsuzlyk resmileri ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Garowe şäherçesinde bolan güýçli partlamanyň netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň awtobusynyň ýumrulandygyny we bu wakada azyndan alty adamyň ölendigini habar berýärler.

Somaliniň polisiýa resmisi Abdullahi Mohamadyň beren maglumatyna görä, resmiler 20-nji aprelde bolan wakada “BMG-niň alty işgäriniň ölendigini tassyklapdyr”.

Şol bir wagtyň özünde, “Reuters” habar gullugynyň beýleki bir polisiýa ofiserine salgylanyp berýän maglumatyna görä, hüjümde “azyndan dokuz adam, şol sanda iki kenýaly we ýedi somalili” heläk bolupdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz üstüne almady.

Somalide Günbatar tarapyndan goldanylýan hökümeti agdaryp, Yslamyň berk berjaý edilmegini isleýän “Al-Şabab” atly söweşiji topary ýurtda ýygy-ýygydan hüjümleri amala aşyrýar.

XS
SM
MD
LG