Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Kebekow öldürildi diýýär


Russiýanyň häkimiýetleri we söweşijileriň websaýtlary “Kawkaz emirligi” atly gozgalaňçy toparyň lideri Aliashab Kebekowyň Dagystanda öldürilendigini adýarlar.

Russiýanyň Terrorçylyga garşy göreş boýunça milli komitetiniň 20-nji aprelde beren maglumatyna görä, Dagystanyň paýtagty Mahaçkalanyň günortasyndaky obanyň bir jaýynda gizlenen ýaragly adamlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan ok atyşykda ölen üç söweşijiniň biri Kebekowdyr.

Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regionyndaky yslamçy söweşijiler bilen hyzmatdaşlyk edýän iki websaýt, ýagny kavkazcenter.com we jamaatshariat.com websaýtlary Kebekowyň we başga-da iki adamyň Gereý-Awlak şäherçesinde “şehit bolandygyny” habar berdiler.

Amir Ali Abu-Muhammad ady bilen hem tanalýan 43 ýaşly Kebekow geçen ýyl Doku Umarowyň deregine “Kawkaz emirligi” toparynyň lideri saýlanypdy. “Kawkaz emirligi” atly topar Russiýanyň ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat Demirgazyk Kawkaz regionyndaky esasy gozgalaňçy topardyr.

XS
SM
MD
LG