Sepleriň elýeterliligi

Hytaý prezidenti Si Pakistana bardy


Hytaýyň prezidenti Si Jinping 20-nji aprelde Yslamabada bardy.

Hytaý prezidentiniň Pakistana edýän bu saparynyň dowamynda bahasy 46 milliard amerikan dollaryna barabar bolan infrastruktura we energiýa proýektlerini mälim etmegine garaşylýar.

Pekin we Yslamabat Pakistan-Hytaý ykdysady koridoryny dikeltmegi umyt edýärler. Bu koridor Pakistanyň Arap deňzindäki Gwadar porty we Hytaýyň günbataryndaky Sinjiang regionyny birleşdirer.

Şol bir wagtyň özünde bu koridor uzak wagtdan bäri separatist gozgalaňçylardan, jenaýatçylykly toparlardan we yslamçy söweşijilerden ejir çekip gelýän Pakistanyň günortasyndaky Balojistan welaýatyndan geçer.

Hytaý prezidenti Siniň Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif bilen geçirjek gepleşiklerinde Owganystan barada hyzmatdaşlygy we Sinjiangdaky musulman separatistleriň Pakistanyň söweşijileri bilen birleşmeginden Hytaýyň duýýan aladalanmalary barada maslahat etmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG