Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astana: Gazak, gyrgyz raýatlary öldi


Gazagystanyň günortasynda bolan ýol heläkçiliginde 16 adam, şol sanda onuň goňşusy Gyrgyzystanyň 14 raýaty öldi.

Gyrgyzystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň berýän maglumatyna görä, bu ýol heläkçiligi 19-njy aprelde Gazagystanyň Žambyl regionynda boldy. Bu wakada ýük ulagy 18 ýolagçyly miniawtobus bilen çaknyşandan soň, ulaglaryň ikisi hem ot alýar.

Ýol heläkçiliginiň bolan ýerinde on üç gyrgyz raýaty, şol sanda üç çaga we ýük ulagynyň sürüjisi – gazak raýaty heläk bolýar. Ýene bir gyrgyz we bir gazak raýaty keselhana ýerleşdirilenden soň, aradan çykýar.

Ýene-de dört gyrgyz raýaty Gazagystanyň keselhanasynda saklanylýar.

Gazagystanyň resmileri ýol heläkçiliginiň sebäplerini anyklamak dogrusynda derňewleri geçirýärler.

XS
SM
MD
LG