Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň ministrleri migrant krizisini maslahat edýär


Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri bikanun migrasiýa krizisini maslahat edýärler.

20-nji aprelde Lýuksemburgda geçirilýän bu ýygnak, Ortaýer deňzinde gäminiň agdarylmagy netijesinde 700 çemesi migrantyň ölendigi baradaky aladalanmalardan bir gün soň bolup geçýär.

20 metr uzynlygyndaky balykçy gaýygy Liwiýanyň Ortaýer deňzindäki kenaryndan 100 kilometr çemesi daşlaşandan soň gark bolýar.

Ýewropa Bileleşigine şeýle wakalaryň öňüni almagy üçin edilýän basyşlar artýar.

Şu ýylyň dowamynda häzire çenli 35 müň migrant Ýewropanyň çäklerine geldi we 900-den gowrak adamyň Ýewropa gelmäge synanyşan wagty heläk bolandygyna ynanylýar.

XS
SM
MD
LG