Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň prezidenti Pakistanda


Hytaýyň prezidenti Si Jingping (çepde) Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif tarapyndan garşylanýar. 20-nji aprel, 2015 ý.
Hytaýyň prezidenti Si Jingping (çepde) Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif tarapyndan garşylanýar. 20-nji aprel, 2015 ý.

Hytaýyň prezidenti Si Jingping 20-nji aprelde Pakistana bardy. Iki tarap hem bu saparyň netijesinde ykdysady gatnaşyklaryň has-da ilerlejekdigini aýdýarlar.

Prezident Siniň Pakistanda umumy bahasy 46 milliard dollara deň bolan infrastruktura we energiýa proýektleriniň gurluşygynyň taslamalaryny mälim etmegine garaşylýar.

Pekin bilen Yslamabat ýakyn geljekde Pakistanyň günorta Gwadar portuny Hytaýyň Uýgurystan (Sintzýan) sebiti bilen birleşdirjek Pakistan-Hytaý Ykdysady koridorynyň işi ýola goýlar diýip umyt edýärler.

Gürrüňi gidýän Koridor Pakistanyň Bulujystan sebitinden geçmeli. Bu territoriýada separatist jeňçiler, jenaýatçylykly toparlar we yslamçy söweşijiler hereket edýärler.

Hytaýyň prezidenti Pakistanda
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:43 0:00

Premýer-ministr Nawaz Şarif bilen gepleşikleriň dowamynda prezident Siniň Owganystan meselesindäki hyzmatdaşlygy hem maslahat etjekdigi aýdylýar. Pekin Uýgurystan sebitindäki musulman seperatistleriň Pakistandaky söweşijiler bilen gatnaşygynyň bardygyndan howatyr edýär.

Siniň Pakistandaky sapary iki gün dowam edip, hytaý lideri ýurduň Parlamentinde hem çykyş eder.

Saparynyň öňüsyrasy eden çykyşynda prezident Si ykdysady hyzmatdaşlygyň howpsuzlyk babatyndaky öňegidişliklere bagly boljakdygyny aýtdy.

Yslamabat Hytaýyň Pakistanyň energiýa sektoryna 34 milliard dollar maýa ýatyrjakdygyny aýdýar.

Pakistanyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, energiýa sektoryna maliýe ýatyrjak hytaý kompaniýalarynyň arasynda Hytaýyň "Üç Jülge" korporasiýasy we Hytaýyň "Energiýa Halkara Hymzatdaşlyk Limited" kärhanasy hem bar.

XS
SM
MD
LG