Sepleriň elýeterliligi

Türkmen kommunistleriniň lideri, ençeme ýyllardan bäri tussaglykdaky saklanylýan Serdar Rahymowyň ykbalyna daşary ýurtda aladalanma bildirilýär. Orsýetiň Kommunistik partiýasynyň agzasy, Orsýetiň harby howa güýçleriniň otstawkadaky general-maýory Ýewgeniý Kopyşew 2002-nji ýylda tussag edilip, türkmen türmesinde dereksiz ýiten Serdar Rahymowyň ykbaly barada maglumat bermegi sorap, Türkmenistanyň prezidentine, ýurduň, Daşary işler we beýleki ministrliklerine hat bilen ýüzlendi. Ýewgeniý Kopyşew Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, bu aksiýasy barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý Iwanowiç, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyna häzirki ýüzlenmäňiz barada gürrüň beräýseňiz?

Ýewgeniý Kopyşew: Şu sapar meniň özüm Serdar Seýitmyradowiç Rahymowyň ýoldaşy hökmünde Türkmenistanyň prezidentine ýüzlendim we ony boşatmagy soradym. Men muny ýakyn wagtda sowet halkynyň Ikinji jahan urşunda beýik ýeňiş gazanmagynyň 70-nji ýyl dönüminiň bellenmegine gabatladym. Serdar Rahymow uruş tylynyň zähmetkeşiniň ogly, onuň aýaly Artykgül Çaryýewna hem urşa gatnaşyp, “Gyzyl ýyldyz ordeni” bilen sylaglanan uruş weteranynyň gyzy. Türkmenistan uruş weteranlarynyň çagalaryna üns bermeli diýip hasap edýärin.

Emma gynandyryjy ýeri, Türkmenistandaky özgerişliklere garamazdan, bu ýurt postsowet giňişliginde iň ýapyk ýurtdur. Türkmenistanyň prezidentiniň administrasiýasy hem tutuş region boýunça iň ýapyk edara. Meniň şeýle diýmegimiň sebäbi, islendik ýurduň prezidentine elektron hat üsti bilen ýüzlenip bolýar, hatyňa jogap gelýär. Emma Türkmenistanyň prezidentine döwrüň aragatnaşyk serişdeleri arkaly ýüzlenmek mümkin däl. Şeýle ýagdaýda Orsýetden ähli hatlary diňe Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasynyň üsti bilen ýa-da Aşgabada poçta arkaly iberip bolýar. Ilçihana hatymy alandygyny aýdýan hem bolsa, ony Türkmenistana ýetirip-ýetirmändigini habar bermeýär.

Meniň häzirki hatymy aldyk diýip, diňe Türkmenistanyň Adalat ministrliginden jogap geldi.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanyň prezidentine we beýleki ýolbaşçylaryna näme diýmek isleýärsiňiz?

Ýewgeniý Kopyşew: Men Rahymowyň türmeden boşadylmagy ugrunda göreşdim we göreşerin. Sebäbi men onuň türkmen halkynyň wepaly ogludygyny bilýärin.

Eger türkmen häkimiýetleri Serdar Rahymowy haýsy-da bolsa bir sebäpden boşatmak islemeýän bolsalar, onuň ykbaly, hal-ýagdaýy barada garyndaşlaryna habar bermäge borçly. 2002-nji ýyldan bäri 13 ýyla golaý wagt geçdi, näme sebäpden şol döwrüň dowamynda oňa maşgalasy bilen duşuşmaga, hat alyşmaga mümkinçilik berilmedi? Men onuň gyssagly boşadylmagyny talap edýärin, muny edip bolmaýan bolsa adam bolup, onuň ykbaly barada maglumat bermeli.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý Iwanowiç, Serdar Rahymow 2002-nji ýylda tussag edileli bäri, siziň özüňiz we orsýetli kommunistler onuň ykbalyna aladalanma bildirip, dürli aksiýalaryň, şol sanda protest çykyşlarynyň birnäçesini geçirdiňiz. Şu günki güne çenli nähili jogap alyp bildiňiz?

Ýewgeniý Kopyşew: Orsýet Federasiýasynyň Kommunistik partiýasy, onuň liderlerinden Ýegor Ligaçýow we beýlekiler 2002-nji ýyldan bäri eden ýüzlenmelerine türkmen häkimiýetlerinden diňe bir gezek jogap alyp bildiler. Şonda Türkmenistanyň Moskwadaky şol wagtky ilçisi Agahanow Serdar Rahymowy boşatmak baradaky hatyňyzy Ýaşulular maslahatyna berdik diýip jogap beripdi. Emma şol ýekeje jogabyň hem soňy bolmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG